Türkmenistanyň halk artisti Annamyrat Berdiýew barada ýatlama

— Kä ha­lat­lar, pi­kir um­ma­ny­na ba­typ otur­şy­ma me­niň ýa­dy­ma Türk­men te­le­wi­de­ni­ýe­si­niň ede­bi-dra­ma bö­lü­min­de iş­län wagt­la­rym, şol döwürlerdäki gaý­ry döw­let­le­riň film­le­ri­ne türk­men­çe ses ber­şi­miz bi­yg­ty­ýar ýa­dy­ma düş­ýär. Şol wagt­lar bi­ze, esa­san, hem öň­ki Mol­la­ne­pes adyn­da­ky aka­de­mi­ki dra­ma te­at­ryn­dan ar­tist­ler ge­lip ses be­rýär­di­ler. Şo­la­ryň arasynda An­na­my­rat Ber­di­ýew hem bar­dy. Onuň bi­len bi­le film­le­re ses ber­mek­lik ma­ňa­-da mi­ýes­ser edip­di. An­na­my­rat aga örän sa­da, ki­çi­gö­wün­lidi. Ol ki­no ses ber­ýän­le­re özü­niň mas­la­hat­la­ry­ny be­rýär­di. “Ine, şu ýe­ri­ni şeý­le­räk al, bu ýe­ri­ni beý­le­räk al” di­ýip öw­re­der­di. Mun­dan baş­ga-­da ol türk­men ra­dio­syn­da taý­ýar­la­nyl­ýan ra­dioo­ýun­la­ra-da gat­na­şýar­dy. Ir dö­wür­ler­de türk­men ra­dio­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti, ha­ly­pa re­žiss­ýo­ry­myz Ju­ma Ýaz­my­ra­dow “Gö­rog­ly” des­sa­ny bo­ýun­ça “Gy­ra­tyň ogur­la­ny­şy” at­ly ra­diooý­nu­ny taý­ýar­lap­dy. Ol en­çe­me ýyl­la­ryň do­wa­myn­da halk köp­çü­li­gi­ne eşit­di­ri­lip­di. Şol ra­dioo­ýun­da-da An­na­my­rat aga, Ba­ly şa­nyň keş­bi­ni ýe­ri­ne ýe­ti­rip­di.
An­na­my­rat aga sun­gat ug­run­dan uni­wer­sal adam­dy. Ol esa­sy işi­niň ýag­ny te­at­ryň işin­den daş­ga­ry di­ňe bir film­le­re ses ber­mek bi­len ýa-da ra­dioo­ýun­lar­da keşp jan­lan­dyr­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, ki­no­film­ler­de keşp hem jan­lan­dyrýardy. Mu­ňa my­sal edip, onuň 2 sa­ny fil­mi­ni ag­zap geç­mek­lik ýe­ter­lik. Ola­ryň bi­r-ä “Yn­ha, ka­kam gaý­dyp ge­ler”. Bu fil­miň wa­ka­sy ur­şuň ga­zap­ly gid­ýän dö­wür­le­ri, tyl­da zäh­met çek­ýän adam­la­ryň dur­mu­şyn­dan söh­bet aç­ýar. Beý­le­ki­si-de “Ogul” at­ly çe­per filmdir. Bu kinolaryň iki­sin­de-de An­na­my­rat aga otrisatel keş­pde çykyş edýär. Iki filmi-de Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti Hal­mäm­met Ka­ka­ba­ýew surata düşür­di.
An­na­my­rat Ber­di­ýew 1940-njy ýy­lyň 1-nji iýunynda Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Mur­gap et­ra­by­nyň Ata-Le­win daý­han bir­le­şi­gin­de dün­ýä in­ýär. Ol 1958-nji ýyl­da or­ta mek­de­bi ta­mam­lap, 1959-njy ýyl­da Mosk­wa­nyň Lu­na­çars­kiý adyn­da­ky döw­let te­at­ral ins­ti­tu­ty­nyň akt­ýor­çy­lyk fa­kul­te­ti­ne oku­wa gir­ýär. A. Ber­di­ýew 1964-nji ýyl­da ýo­ka­ry oku­wy ta­mam­lap ge­le­nin­den soň, şol wagt­ky Mol­la­ne­pes adyn­da­ky türk­men döw­let aka­de­mi­ki dra­ma te­at­ryn­da ar­tist bo­lup işe baş­la­ýar. An­na­my­rat aga­ny dur­muş­da hiç kim ar­tist bol­ma­ga ug­ruk­dyr­man­dyr. Oňa sen şu ugur­dan oka di­ýe­nem bol­man­dyr. Ol “Ýe­tim og­lan, öz gö­be­gi­ni özi ke­ser” di­ýen pä­him­den ugur alyp, yk­ba­ly­ny özi kes­git­le­me­li bo­lup­dyr. An­na­my­rat aga­nyň te­at­ryň sah­na­syn­da jan­lan­dy­ran keşp­le­rin­den esa­sy­la­ry­ny ýat­lap ge­çe­sim gel­ýär. William Şeks­pi­riň “Ri­çard 111” (Ri­çard), “Ro­meo we Jul­ýet­ta” (Mer­kus­si­ýo), “Na­da­ra­nyň nog­ta­la­ny­şy” (Pet­ruç­ço) eserleri, şol sanda, N. Go­go­lyň “Der­ňew­çi” (Hlesta­kow), G. Ka­ka­ba­ýe­wiň “Türk­men­na­ma” (Sol­tan San­jar), G. Fi­leý­re­do­nyň “Ezop” (He­men­gu­weý) hem-de “Ret­ bol ýa­rag” (Gen­rih), L. Krup­kows­kiý­niň “Azat­ly­gyň il­kin­ji gü­ni” (Ýan), Wiş­news­kiý­niň “Op­ti­mis­tik heläkçilik” (Alek­seý), Po­go­di­niň “Üç­le­me­ler” (Ry­ba­kow), D.Şad­ryn bilen A.Fred­ronyň “Pan Iow­ýals­kiý” (Ýa­nuş) ýaly eserleri esasynda taýýarlanan spektakllardaky keşp­ler hal­kyň aňyn­da ga­lan, ar­tis­te meş­hur­lyk ge­ti­ren keşp­ler bo­lup­dy. An­na­my­rat aga ir dö­wür­ler žur­na­list­ler bi­len bo­lan gür­rüň­deş­lik­de şeý­le diý­ýär:
— Ze­hin ada­ma Hu­daý ta­ra­pyn be­ril­ýär. Ýö­ne oňa eýe­lik et­mek ada­myň özü­ne bag­ly. Ze­hi­niň üs­tün­de iş­le­me­seň, ony tap­la­ma­saň, ol ýi­tip gid­ýär. Ze­hi­niň öz eýe­si­ne, il-gü­ne hyz­mat et­me­gi üçin eýe­si­niň ir­gin­siz zäh­me­ti ge­rek. Ze­hin mis­li gül­ja­gaz, na­hal­jyk. Ony go­ra­ma­saň, ide­gi­ni ýe­ti­rip dur­ma­saň, ol gu­ra­ýar. Her bir ze­hi­niň aňy­r­syn­da akt­ýo­ryň şah­sy dün­ýä­ga­raý­şy dur. Şonuň öl­çe­gi­ne gö­rä-de onuň dö­re­di­ji­li­gi­niň düýp öze­ni görü­nýär. Ar­tist her hi­li eşik­le­ri ge­ýip, sah­na çy­ka­ny bi­le­nem, il­den, to­ma­şa­çy­dan öz bol­şu­ny, ze­hi­ne zäh­me­te bo­lan ga­raý­şy­ny giz­läp bi­le­nok. Al­la ta­ra­pyn ber­len ze­hi­ni juda köp zäh­met çek­mek bi­len be­lent de­re­je­le­re gö­te­rip bi­len­le­re us­sat di­ýil­ýär. Us­sat­lar welin, köp bol­ma­ýar.
Ha­wa, An­na­my­rat Ber­di­ýew dur­muş gym­mat­lyk­la­ry­ny, yn­san kal­by­nyň baý­lyk­la­ry­ny özün­de jem­läp bi­len seý­rek duş­ýan adam­la­ryň bi­ri­di. Onuň hä­si­ýe­tin­dä­ki duý­gu­çyl­ly­gyň, duý­gy joş­gu­ny­nyň, güýç­lü­li­gi, onuň bü­tin öm­rü­ne hem­ra­sy bo­lupdy.
An­na­my­rat Ber­di­ýew halk üçin sun­gat­da, dö­re­di­ji­lik­de örän köp iş­ler bitirdi. Ol teatr sun­ga­ty­ny şeý­le göz öňü­ne ge­ti­rip­dir:
— Teatr, bu il­kin­ji no­bat­da oýun, ýö­ne ol çy­na­be­rim­siz oýun. Sah­na­da ar­tist jan­lan­dyr­ýan keş­bi­ni, duý­gu­çyl­lyk hä­si­ýe­ti bi­len ýa­şa­ma­ly. Teatr gy­zyk­ly hy­juw­lan­ma­la­ryň, joş­gun­la­ryň me­ka­ny. Sah­na­da özüň ynan­ma­saň, baş­ga ki­şi­ni ynan­dy­ryp bol­ma­ýar. Özüň je­bir çek­me­seň, baş­ga ki­şi se­niň jeb­ri­ňi duý­maýar. Gü­leniňde ýü­rek­den çyk­ma­sa, il se­niň şat­ly­gy­ňa şä­rik bol­maz. Se­bä­bi sah­na­da se­niň özüň ýa­lan söz­le­seň, to­ma­şa­çy sa­ňa ynan­maýar. To­ma­şa­çy­ny ynan­dyr­mak üçin bol­sa, ese­riň gah­ry­ma­ny­nyň sen­li­gi­ňe, il­ki bi­len, özüň ynan­ma­ly.
An­na­my­rat Ber­di­ýew di­ňe bir te­at­ryň sah­na­syn­da keşp dö­ret­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, ýaş­la­ra bu ugur­dan tä­lim hem be­rip­di. Ol Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň teatr sun­ga­ty fa­kul­te­tin­de, ta­lyp­la­ra akt­ýor us­sat­ly­gy­nyň in­çe til­sim­le­ri­ni öw­re­dip­di. Onuň şol tä­lim be­ren ýaş­la­ry bol­sa, hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň teatr­la­ryn­da ha­ly­pa­la­ryn­dan öwrenen­le­ri­ni öz­leş­di­rip, hal­ka me­de­ni­ýet­li hyz­mat edip ýör­ler. Hä­zir­ki wagt­da An­na­my­rat aga­nyň oka­dyp, dur­mu­şa ata­ran ta­lyp­la­ry­nyň bi­ri, ýur­du­my­zyň Baş dra­ma te­at­rynyň ar­tisti Bag­ty­ýar Aba­ýew ha­ly­pa­ny ýat­lap şeý­le diý­ýär:
— Ata-ba­ba­la­ry­myz aýt­myş­la­ýyn, yn­sa­nyň bäş ata­sy bol­ýar: Adam ata, öz ataň, azan ataň, ga­ýyn ataň, ylym ataň. An­na­my­rat aga me­niň ylym atam. Onuň me­niň yk­ba­ly­ma go­şan go­şant­la­ry­ny ýa­zyp ýa-da söz bi­len be­ýan eder­den çök­der. Men 2000-nji ýyl­da Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň teatr sun­ga­ty fa­kul­te­ti­niň, dra­ma we ki­no akt­ýo­ry bö­lü­mi­ne oku­wa gir­dim. Bu ýerdäki il­kin­ji gü­nümde, il­kin­ji sa­pa­gym­da öň­ki Mol­la­ne­pes adyn­da­ky aka­de­mi­ki dra­ma te­at­ryn­da ha­ly­pa bi­len il­kin­ji ge­zek du­şu­şy­gym bol­dy. Onuň daş keş­bi, özü­ni alyp bar­şy, dag ýa­ly göw­re­si biz­de uly tä­sir gal­dyr­dy. Ol biz bi­len ýe­ke-ýe­ke­den tan­şyp, dur­mu­şy­myz bi­len gy­zyk­lan­dy. Ýö­ne bi­ziň teatr sun­ga­ty ba­ra­da en­tek hiç-hi­li dü­şün­jä­mi­ziň ýok­lu­gy­ny bi­lip, şeý­le bir my­sal ge­tir­di. On­dan bä­ri 16 ýyl ge­çen hem bol­sa, şu gün­ki gün ýa­ly ýa­dym­da. Ol bir sa­lym dy­myp dur­dy-da, gap­da­lyn­da du­ran ak ka­gy­zy ag­ras­lyk bi­len eli­ne al­dy-da bi­ze ýüz­len­di: “Kö­şek­ler! Ine, şu ak ka­gy­zy gör­ýä­ňiz­mi?” Biz hem “ha­wa” di­ýip, baş at­dyk. Si­ziň kal­by­ňyz, aňy­ňyz sun­gat ba­ra­da­ky dü­şün­jä­ňiz ine şu ak ka­gyz ýa­ly päk. Ol gap­da­lyn­da­ky ga­la­my al­dy-­da, men ha­ly­pa hök­mün­de şu ak ka­gyz­da nä­hi­li söz­ler gal­dyr­sam, si­ziň hem ýü­re­gi­ňiz­de hem aňy­ňyz­da mü­di­mi­lik dur­muş ýo­lu­ňy­za, sun­gat ýo­lu­ňy­za nus­ga bo­lup gal­jak ny­şan bo­lar. Ha­ly­pa­nyň bu ge­ti­ren tym­sa­ly­na biz şol wagt­lar dü­şün­me­sek hem in­di şu gün­ki gün ol bi­ziň sun­gat ýo­lu­my­zyň nus­ga­ly­gy­na öw­rül­di. Ha­ly­pa A. Ber­di­ýew di­ňe bir sun­ga­tyň in­çe til­sim­le­ri­ni öw­ret­mek bi­len çäk­len­män eý­sem, ol bi­zi dur­muş ýo­lu­na-da ata­ran adam. Ha­ly­pa mu­gal­lym bi­len her gün­ki ge­çen sa­pak­la­ry­myz, bi­ziň şu gün­ki gü­nem ýa­dy­myz­dan çy­ka­nok. Ins­ti­tut­da oka­ýan döw­rü­miz ýag­ny 2003-nji ýyl­da ha­ly­pa­myz bi­ziň bi­len Begi Su­ha­no­wyň “Ýu­sup–Zü­leý­ha” at­ly spek­tak­ly­ny sah­na­laş­dyr­dy. Şol sah­na oýnun­da ma­ňa baş keşp bo­lan Ýu­su­byň keş­bi­ni ynan­dy. Şon­dan soň bu sah­na oý­ny te­at­ryň re­per­tua­ry­na go­şu­lyp, tä biz oku­wy­my­zy ta­mam­la­ýan­çak sah­na­dan düş­män gel­di. Şol spek­tak­lyň yzy­sü­re dip­lom işi üçin Aşyr Mä­mi­şe­wiň “Älem­go­şar­ly to­mus” at­ly ýaş­la­ryň dur­mu­şyn­dan söh­bet aç­ýan spek­takl­ynda-da ha­ly­pa mu­gal­lym ma­ňa baş keşp bo­lan Na­za­ryň keş­bi­ni tab­şyr­dy. Ol ta­lyp­lar bi­len her gün­ki ta­ýyn­lyk iş­le­ri­nem sa­pak hök­mün­de alyp bar­ýar­dy.
Ha­ly­pa akt­ýor, pe­da­gog Annamyrat Ber­di­ýew, ins­ti­tu­t­da iş­län döw­ri “Kä­mil­lik ýo­ly” at­ly ki­tap ýa­zyp­dy. On­da aw­tor akt­ýo­rlyk ýo­lu­ny saý­lap alan ýaş­la­ra bu kär bi­len bag­la­ny­şyk­ly gym­mat­ly mas­la­hat­la­ryň örän kö­pü­si­ni ýat­da ga­ly­jy my­sal­la­ryň üs­ti bi­len ber­me­gi ba­şa­ryp­dyr. An­na­my­rat aga dur­muş­da il­kin­ji no­bat­da akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly­nyň şy­gyr­la­ry­na, ýö­rel­ge­le­ri­ne, dün­ýä te­at­rynda yk­rar edilen bel­li re­žiss­ýor, pe­da­gog K. S. Sta­nis­laws­ki­niň pi­kir­le­ri­ne sal­gy­lan­ýan eken. Ol Mag­tym­gu­ly­nyň, Sta­nis­laws­ki­niň bir­nä­çe tom­lu­gy, şol san­da us­sat akt­ýor, re­žiss­ýor Ul­ýa­no­wyň, Smok­tu­nows­ki­niň, Ef­ro­syň ki­tap­la­ry my­da­ma me­niň sto­lu­myň üs­tün­de dur­ýar di­ýip, aý­dar eken. An­na­my­rat Ber­di­ýew sun­gat äle­min­de tiz ady­gyp, 1980-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti 1991-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti diýen hormatly atlara mynasyp bolýar. 1985-nji ýyl­da-da Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky hal­ka­ra baý­ra­k­ bilen sylaglanýar. Ha­ly­pa akt­ýor, pe­da­gog, me­de­ni­ýet ug­run­dan dür­li we­zi­pe­ler­de iş­le­se-de, ol il­ki bi­len, ze­hin­li akt­ýor hök­mün­de hal­kyň ýü­re­gi­niň tö­rün­den orun al­dy. Ol 2011-nji ýyl­da ara­dan çyk­dy.
Bu gün­ki gün Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Annamyrat aganyň çagalary, ag­tykdyr çow­luklary gün-gün­den gül aç­ýan Wa­ta­ny­my­za buý­sa­nyp, yk­ba­ly­ny sun­ga­ta ba­gyş eden ata­la­ry­na gu­wa­nyp, iş­läp hem okap ýör­ler.

Ak­my­rat Ho­ja­ber­di­ýew,
Oguz­han adyn­da­ky “Türk­men­film” bir­le­şi­gi­niň hü­när­me­ni.