“Tencent” oýun konsoly çykarar

148

Hytaýyň “Tencent” kompaniýasy  “Windows”  operasiýa ulgamy we noutbuk prosessorlary bilen jübüt oýun konsolynyň patentini aldy. Bu konsoly geçirijisiz noutbuk prosessorlary we “Windows” operasiýa ulgamy bilen internet arkaly birikdirip bolýar. Şeýle-de bolsa, birinji setirinde “Windows” nyşany bolan düwme bar, bu, elbetde, konsolda gurlan “Microsoft” operasiýa ulgamynyň başlangyç menýusyny açýar. Konsolyň “Tiger Lake” noutbugy ýa-da “Ryzen 4000/5000” prosessorlary bilen üpjün edilmegine garaşylýar. Täze konsolyň ekranynyň ululygynyň 7 dýuýmdygy habar berildi.