Döwrümiziň iň meşhur sosial media platformalarynyň birine öwrülen “Twitter”  15 ýaşady. Ilkinji twit 2006-njy ýylyň 21-nji martynda ýerleşdirilen platforma ýyllar boýy uly özgerişlikleri başdan geçirdi we gün tertibini mikrobloglaryň bir sahypasyndan kesgitleýän güýçli platformasyna öwrüldi. 2006-njy ýylyň 21-nji martynda Jek Dörsi “twitter”-de ilkinji twitini paýlaşdy. Şeýlelikde bu platforma gysga tekstleri paýlaşmaga mümkinçilik berýän mikroblog hökmünde döredildi. Platformanyň ady Nuh Glassyň teklibi bilen “Twitter” diýlip kesgitlenildi. Soňra kompaniýanyň baş müdiri boljak Jek Dörsiniň ilkinji twitini paýlaşmagy bilen “twitter”-de uly özgerişlikler başlandy. Wagtyň geçmegi bilen, “Twitter”  köp adamlar bilen aňsatlyk bilen aragatnaşyk saklap, şol bir meselede pikir alşyp bolýan platforma öwrüldi. “Twitter” Jek Dörsi, Nuh Glass, Ewan Williams we Biz Ston tarapyndan işlenip düzüldi.