Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda innowasion tehnologiýalary, şol sanda sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna geçirmek bilen baglanyşykly tabşyryklary maglumat-aragatnaşyk, internet hyzmatlarynyň hiliniň we ygtybarlylygynyň ýokarlandyrylmagyny, maglumat üpjünçiliginiň ösdürilmegini, adamlaryň aň-bilim mümkinçilikleriniň doly derejede ulanmagyny talap edýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tapgyrma-tapgyr durmuşa geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Ýurtda sanly ulgama geçmekde bilim ulgamyna uly orun degişlidir. Bu barada ýurdumyzda eýýäm durmuşa geçirilýän özgertmeleriň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tassyklan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” mysal getirmek bolar. Onuň esasy maksady innowasion ösüşe laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün edip, bilimiň mazmunyny we okatmagyň usulyýetini baýlaşdyrmakdan ybaratdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ojaklarynda hormatly Prezidentimiziň ýörite karary bilen tassyklanan sanly bilim ulgamynyň milli Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda işler alnyp barylýar.
Bularyň netijesinde ýaşlaryň döwrebap bilim almagynyň hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetine mynasyp goşant goşmagynyň, dünýäniň ösen döwletleriniň ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryndan habarly ökde hünärmenler bolup ýetişmeginiň esasy şertleriniň biri-de “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda” bellenilşi ýaly, olaryň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny işjeň ulanyp bilmegini gazanmakdyr. Bu maksat bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okuw maslahatlary, seminar-maslahatlar, söhbetdeşlikler yzygiderli geçirilip tejribe toplanylýar. Ýokary okuw mekdebimizde sanly bilim ulgamyny giňden ornaşdyrmak maksady bilen institutyň bilim portaly döredildi. Bu portalyň bilim gorunda ykdysatçy hünärmenler taýýarlanylanda olaryň okuw meýilnamalaryna laýyklykda okadylýan ähli derslere degişli okuw kitaplarynyň, okuw gollanmalarynyň elektron ýazgylary, audio-wideo materiallary, talyplarynyň bilimlerini bahalandyrmak üçin niýetlenen test-soraglary we beýleki okuw materiallary ýerleşdirildi we olaryň üsti yzygiderli baýlaşdyrylýar. Portalyň elektron maglumat gorundan peýdalanmak, elektron goruny baýlaşdyrmak üçin institutyň çäginde hereket edýän lokal kompýuter toruny ulanmaga mugallymlara we talyplara giň mümkinçilikler döredildi. Kompýuterlerde geçirilýän ders bäsleşikleri talyplarda uly gyzyklanma döredýär we olaryň derslerini özleşdirmäge höweslerini artdyrýar. Bilim ulgamynda elektron kitaplardan peýdalanmak, maglumatlaryň elektron alyş-çalşygyny ýerine ýetirmek, audio-wideo sapaklary guramak özüniň oňyn netijelerini berýär.
Milli bilim ulgamynyň möhüm wezipelerini çözmekde halkara bilim hyzmatdaşlygynyň çäklerinde alnyp barylmagynyň ähmiýeti uludyr. Bu babatda institutymyz bilen dünýäniň birnäçe ýurtlarynyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
Şol nukdaýnazardan, bu ylalaşyklarda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde okuw-usuly maglumatlary alyşmak, bakalawrlary we magistrleri taýýarlamagyň ugurlary boýunça okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdirmek, professor-mugallymlary okuw sapaklary okatmaga çagyrmak, uzak aralykdan okuwlary guramak, mugallymlaryň iş tejribeleriniň kämilleşdirilmegini ýola goýmak, ylmy-barlaglar babatda yzygiderli hyzmatdaşlygy ösdürmek, multimediýa we elektron maglumatlary alyşmak göz öňünde tutulýar. Bu hem, hormatly Prezidentimiziň Sanly bilim ulgamynyň milli Konsepsiýasynyň tapgyrlaýyn durmuşa geçirilmeginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Ilmyrat Ilýasow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.