24-nji martda Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly «Häzirki zaman dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň derwaýyslygy» atly metbugat maslahaty geçirildi.

On­laýn du­şu­şy­ga «Mir» döw­le­ta­ra te­le­ra­dio­kom­pa­ni­ýa­sy­nyň, Tür­ki­ýä­niň «TRT» te­le­ra­dio­kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň, Rus­si­ýa­nyň «Rus­sia To­day» hal­ka­ra ha­bar be­riş te­le­ýaý­lym­lar ul­ga­my­nyň, Azi­ýa-Ýu­waş um­man te­le­ra­dio­gep­le­şik­ler bir­le­şi­gi­niň (ABU), «Bü­tin­rus­si­ýa döw­let te­le­ra­dio gep­le­şik­ler kom­pa­ni­ýa­sy» fe­de­ral döw­let uni­tar kär­ha­na­sy­nyň, Hin­dis­ta­nyň «Pra­sar Bha­ra­ti» ýaý­lym­lar kom­pa­ni­ýa­sy­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň mil­li te­le­ra­dio­kom­pa­ni­ýa­sy­nyň, Azer­baý­ja­nyň «Azer­TAj» Döw­let ha­bar­lar agent­li­gi­niň, Gru­zi­ýa­nyň «TW-24» te­le­ýaý­ly­my­nyň, Er­me­nis­ta­nyň «Ar­menp­ress» ha­bar­lar agent­li­gi­niň, «Aztv» hal­ka­ra ra­dio­sy­nyň we beý­le­ki­le­riň ýol­baş­çy­la­ry hem-de we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Met­bu­gat mas­la­ha­ty­nyň bar­şyn­da köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň aba­dan­çy­ly­gy hem-de dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len ta­gal­la­la­ry­ny je­bis­leş­dir­mek, uzak­möh­let­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki ýag­da­ýy hem-de onuň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mek ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy.
Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýy­ly Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly di­ýip yg­lan et­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy­nyň Hal­ka­ra Bile­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan gol­da­nyl­ma­gy­nyň türk­men Bi­ta­rap­ly­gy­nyň hä­zir­ki döw­rüň dün­ýä sy­ýa­sa­tyn­da ne­ti­je­li­di­gi­niň hem-de wa­jyp­dy­gy­nyň su­but­na­ma­sy bo­lan­dy­gy­ny bi­ra­gyz­dan tas­syk­la­dy­lar.
Met­bu­gat mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­lar mag­lu­mat­la­ry alyş­mak, usu­ly­ýet on­laýn okuw­la­ry­ny gu­ra­mak bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mek, Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň çäk­le­rin­de hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän çä­re­le­ri giň­den be­ýan et­mek ba­ba­t­da­ bi­le­lik­dä­ki iş­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.