Hä­zir­ki wagt­da dür­li mo­bil we beý­le­ki en­jam­lar bi­len bir ha­tar­da aw­tou­lag­lar­da hem mik­ro­çip­ler ula­nyl­ýar. San­ly teh­no­lo­gi­ýa­nyň äh­li en­jam­lar­da ula­nyl­ma­gy in­no­wa­si­ýa ta­lap ed­ýän şeý­le önüm­le­riň gym­ma­ty­ny has hem art­dyr­ýar. Şeý­le bo­lan­soň bu ugur­da­ky bäs­deş­lik bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Dün­ýä­niň iň uly mik­ro­çip ön­dü­ri­ji fir­ma­la­ry­nyň bi­ri bo­lan «In­tel»-iň ýol­baş­çy­sy Pat Gel­sin­ger ABŞ-nyň Ari­zo­na şta­tyn­da iki sa­ny tä­ze des­ga­ny gur­ma­gy mak­sat edin­ýän­dik­le­ri­ni, bu tä­ze tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek üçin hem 20 mil­liard dol­lar ma­ýa goý­jak­dyk­la­ry­ny mä­lim et­di. Tä­ze önüm­çi­lik des­ga­syn­da 3 müň­den gow­rak ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men zäh­met çe­ker. Şeý­le hem 3 müň­den gow­rak adam tas­la­ma­nyň gur­lu­şy­gyn­da iş­lär. 15 müň adam bol­sa uzak möh­let­li iş bi­len üp­jün edi­ler.
40 ýyl çe­me­si wagt bä­ri teh­no­lo­gi­ýa pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan kom­pa­ni­ýa soň­ky ýyl­lar­da önüm­çi­lik ba­bat­da bäs­deş­le­rin­den bir­ne­me yza ga­lyp­dy. Tä­ze tas­la­ma­lar kom­pa­ni­ýa­nyň bu ugur­da gaý­ta­dan öňdäki orny eýelemegine müm­kin­çi­lik be­rer. «In­tel» di­ňe ABŞ-da däl, Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da hem tä­ze fab­rik­le­ri gur­ma­gy mak­sat edin­ýär. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, hä­zir­ki wagt­da «In­tel» ady bi­len çyk­ýan ýa­rym­ge­çi­ri­ji­le­riň bel­li bir bö­le­gi kom­pa­ni­ýa­nyň hyz­mat­daş­la­ry ta­ra­pyn­dan ön­dü­ril­ýär. Tä­ze tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bi­len kom­pa­ni­ýa öz ha­ryt­la­ry­ny öz za­wod­la­ryn­da ön­dü­rer. «In­tel»-iň bu ädi­mi teh­no­lo­gi­ýa dün­ýä­sin­de bäs­deş­li­giň önüm­çi­lik ba­bat­da do­wam et­jek­di­gi­ni gör­kez­ýär.
«App­le» kom­pa­ni­ýa­sy köp ýyl­dan bä­ri öz en­jam­la­ryn­da «In­tel» mik­rop­ro­ses­sor­la­ry­ny ulan­ýar­dy. Em­ma soň­ky ön­dü­ren «MacBo­ok» plan­şet­le­rin­de M1 at­ly öz mik­rop­ro­ses­so­ry­ny otur­dyp­dy. 1990-njy ýyl­lar­da dün­ýä­dä­ki ýa­rym­ge­çi­ri­ji­le­riň dört­den üç bö­le­gi ABŞ-da we Ýew­ro­pada ön­dü­ril­ýär­di, em­ma hä­zir­ki wagt­da bu gör­ke­zi­ji 25 gö­te­rim­den hem pe­se gaç­dy. Ýa­po­ni­ýa, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy, Taý­wan we Hy­taý bu ugur­da öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Hä­zir­ki wagt­da çip ön­dür­mek­de iş alyp bar­ýan kom­pa­ni­ýa­la­ryň mer­ke­zi eda­ra­la­ry ABŞ-da ýer­leş­ýän bol­sa-da önüm­çi­lik des­ga­la­ry­nyň kö­pü­si beý­le­ki ýurt­lar­da ýer­leş­ýär.

Ke­rim MU­HAM­ME­DOW,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.