Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myzda gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­rin­den peý­da­lan­mak bo­ýun­ça iri tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­myz 2018-nji ýy­lyň okt­ýab­ryn­da Ener­gi­ýa­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän çeş­me­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra agent­li­gi­niň (IRE­NA) ag­za­ly­gy­na ka­bul edil­di. Bu hal­ka­ra gu­ra­ma bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­me­li çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy yla­la­şy­lyp, göz öňün­de tu­tu­lan çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek üçin de­giş­li iş­ler yzy­gi­der­li al­nyp ba­ryl­ýar.
Go­laý­da ýurdumyzyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de bu gu­ra­ma­nyň baş di­rek­to­ry Fran­çes­ko La Ka­me­ra bi­len du­şu­şyk ge­çi­ril­di. On­da Ta­rap­lar ener­gi­ýa­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän we al­ter­na­tiw çeş­me­le­ri ul­ga­myn­da öza­ra hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mek ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan­da 2030-njy ýy­la çen­li gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­ge­ti­ka­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça Mil­li stra­te­gi­ýa tas­syk­la­nyl­dy.
Türk­men ta­ra­py Agent­li­giň ho­wan­dar­ly­gyn­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra, se­bit de­re­je­le­rin­dä­ki çä­re­le­re, şol san­da IRE­NA-nyň As­samb­le­ýa­sy­nyň mej­lis­le­ri­ne yzy­gi­der­li gat­naş­ýar.
Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dur­nuk­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mek, ener­gi­ýa­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän we ada­ty bol­ma­dyk çeş­me­le­ri­niň, ýag­ny al­ter­na­tiw hem-de ener­ge­ti­ka se­riş­de­le­ri­niň gör­nüş­le­ri­ni iki­lenç peý­da­lan­ma­gyň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek, ener­gi­ýa­ny tyg­şyt­laý­jy we in­no­wa­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň hem-de dur­mu­şa or­naş­dyr­ma­gyň esa­syn­da te­bi­gy ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň tyg­şyt­ly­ly­gy­ny we yg­ty­bar­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, 2018-nji ýy­lyň 21-nji few­ra­lyn­da hormatly Prezidentimiziň tas­syk­la­ma­gy bi­len «Ener­gi­ýa­ny tyg­şyt­la­ma­gyň 2018 – 2024-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy», 2019-njy ýy­lyň 12-nji ap­re­lin­de «Al­tyn asyr» Türk­men kö­lü­niň se­bi­ti­ni 2019 – 2025-nji ýyl­lar­da öz­leş­dir­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy» ka­bul edil­di. Bu Kon­sep­si­ýa­nyň çäk­le­rin­de daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa «ýa­şyl» teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, kuw­wat­ly­ly­gy 10 MWt bo­lan Gün we ýel ut­gaş­dy­ry­lan elekt­rik stan­si­ýa­sy­ny gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Hoş­gel­di TA­HY­ROW,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka
ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.