Soň­ky ýyl­lar­da de­mir ýol ul­ga­my­ny bar­ha kä­mil­leş­dir­ýän Hy­taý­da ýo­ka­ry tiz­lik­li tä­ze ýol­la­ryň gur­lu­şy­gy do­wam et­di­ril­ýär. Ýur­duň döw­let de­mir ýol kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li we­ki­li Lu Dong­fu uzyn­ly­gy 435 ki­lo­met­re ba­ra­bar bolan tä­ze ýo­luň gu­rul­ýan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Ýur­duň Ti­bet aw­to­nom se­bi­tin­dä­ki Ning­çi hem-de Sy­çu­an şä­her­le­ri­niň ara­syn­da gu­rul­ýan de­mir ýol şa­ha­syn­da ula­nyl­jak ot­lu­lar elekt­rik ener­gi­ýa­sy hem-de ada­ty ýan­gyç bi­len he­re­ket eder. Gur­lu­şy­gy­na 2014-nji ýyl­da baş­la­nan de­mir ýol şu ýy­lyň iýun aýyn­da ulan­ma­ga ber­ler. Ýo­lag­çy ot­lu­la­ry sa­gat­da or­ta­ça 160 km tiz­lik bi­len he­re­ket eder. Hy­taý 2025-nji ýy­la çen­li ýurt­da­ky ýo­ka­ry tiz­lik­li ot­ly ýol­la­ry­nyň uzyn­ly­gy­ny 50 müň ki­lo­met­re ýe­tir­me­gi göz öňün­de tut­ýar. Lu Dong­fu ge­çen ýy­lyň ahy­ryn­da bu gör­ke­zi­ji­niň 37 müň 900 ki­lo­met­re ýe­ten­di­gi­ni mä­lim et­di. Ýurt­da hy­taý­ly in­že­ner­ler ta­ra­pyn­dan işlenip düzülen «Fuxing» at­ly de­mir ýol ulaglary ula­nyl­ýar. Bu ot­lu­lar 160-350 km/sa­gat ara­ly­gyn­da he­re­ket ed­ýär. Hy­taý gü­nor­ta-gün­do­gar ýurt­la­ry bi­len hem de­mir ýol­la­ry­ny gur­ma­gy mak­sat edin­ýär. Gel­jek­de Trans-Gi­ma­laý kö­pu­gur­ly ýol tas­la­ma­sy dur­mu­şa ge­çi­ri­ler. Bu tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de gu­rul­jak ýol Ne­pal bi­len Hy­taý Ti­bet aw­to­nom se­bi­ti­ni bi­rik­di­rer.