Geçen ýyl dünýäde nagt däl görnüşde amala aşyrylan söwdanyň 2019-njy ýyldaky bilen deňeşdirilende 41% ýokarlanandygy mälim edildi. Mundan tehnologiýanyň ösmeginiň, müşderileriň tölegiň bu görnüşine öwrenişmeginiň hem-de pandemiýanyň sebäp bolandygy mälim edildi. Bu baradaky maglumaty “ACI Worldwide” hem-de “GlobalData” atly şereketiň hünärmenleri taýýarlapdyr. Hünärmenler dünýäniň 48 ýurdundan bu baradaky maglumatlary toplapdyrlar. Maglumatlara görä, nagt däl hasaplaşygyň 2020-nji 2025-nji ýyllar aralygynda ýyllyk ortaça 23,6% ösmegine garaşylýar. Amallaryň sany babatda Hindistan öňdeligi eýeleýär. Geçen ýyl ýurtda 25,5 milliard amal ýerine ýetirilipdir. Ikinji orny 15,7 milliard amal bilen Hytaý, üçünji orunda 6 milliard amala bilen Günorta Koreýa eýeleýär. Ilkinji bäşlige Tailand (5,2 milliard) we Angliýa (2,8 milliard) girýär. Nigeriýa (1,9 milliard), Ýaponiýa (1,7 milliard), Braziliýa (1,3 milliard), ABŞ (1,2 milliard) we Meksika (942 million) ilkinji onluga girýär.