Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da hal­ky­my­zyň ga­dym­dan gel­ýän hoş­ni­ýet­li­lik, pa­ra­hat­çy­lyksö­ýü­ji­lik, yn­san­per­wer­lik hä­si­ýet­le­ri we däp­le­ri döw­le­ti­mi­ziň dost-do­gan­lyk ýö­rel­ge­si­niň esa­sy bo­lup dur­ýar. Ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­syn­da ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de we umu­ma­dam­zat ösüş­le­ri­ne bag­ly me­se­le­le­riň oňyn çöz­güt­le­ri­ni tap­mak­da ýur­du­my­zyň alyp bar­ýan pa­ra­hat­çy­lyk ýö­rel­ge­si dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan giň­den gol­da­nyl­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da ata Wa­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan dün­ýä­niň sy­ýa­sy, hu­kuk, yk­dy­sa­dy we me­de­ni gi­ňiş­li­gi­ne üs­tün­lik­li go­şu­lyş­ýar. Ga­raş­syz döw­le­ti­miz da­şa­ry ýurt­la­ryň 150-ä go­la­ýy bi­len dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry hem-de dün­ýä­niň 100-den gow­rak ýur­dy bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy alyp bar­ýar. Türk­me­nis­tan 50-ä go­laý hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ag­za­sy bo­lup, 150-den gow­rak hal­ka­ra Kon­wen­si­ýa­la­ra, şert­na­ma­la­ra we köp­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ra gat­naş­ýar. Mu­nuň özi türk­men dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň ne­ti­je­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň, ýur­du­my­zyň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ge­ri­mi­niň has-da gi­ňe­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyn­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk sak­la­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Mosk­wa şä­he­ri­ne şu ýy­lyň 30-njy mar­tyn­dan 2-nji ap­re­li ara­ly­gyn­da bolan iş sa­pa­ry iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry tä­ze de­re­je­le­re çy­kar­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­leri döretdi. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň se­bit­le­ri­niň ara­syn­da ne­bit­gaz, hi­mi­ýa, se­na­gat, oba ho­ja­lyk pu­dak­la­ryn­da, ulag, söw­da-yk­dy­sa­dy, ylym-bi­lim top­lum­la­ryn­da we sag­ly­gy go­ra­ýyş­da öza­ra gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy, Ast­ra­han we Swerd­lowsk ob­last­la­ry, Sankt-Pe­ter­burg şä­he­ri hem-de beý­le­ki se­bit­ler bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk ýo­la go­ýul­dy.
Hä­zir­ki dö­wür­de stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk esa­syn­da ýo­la go­ýul­ýan türk­men-rus gat­na­şyk­la­ry iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn esas­da saz­la­şyk­ly ös­dü­ril­ýär. Öza­ra bäh­bit­li­lik hem-de dost-do­gan­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­la­nan türk­men-rus gat­na­şyk­la­ry­nyň esa­syn­da köp ugur­lar­da hyz­mat­daş­lyk ne­ti­je­li ös­dü­ril­ýär. Hu­su­san-da, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, se­na­gat, oba ho­ja­ly­gy we beý­le­ki ugur­lar­da gat­na­şyk­lar ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ýar we şo­nuň ne­ti­je­sin­de iki ýur­duň ara­syn­da­ky ha­ryt do­la­ny­şy­gy yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar. Türk­men-rus gat­na­şyk­la­ry oba ho­ja­ly­gy ul­ga­myn­da hem giň­den ös­dü­ril­ýär. Türk­men oba ho­ja­lyk önüm­le­ri Rus­si­ýa­nyň ba­za­ry­na ibe­ril­ýär. Oba ho­ja­ly­gyn­da to­hum­çy­lyk ba­bat­da hem gat­na­şyk­lar al­nyp ba­ryl­ýar.
Rus­si­ýa­nyň kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýur­du­myz­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan, se­na­gat pu­da­gy­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mä­ge, de­giş­li dü­zü­mi düýp­li döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­ga hem-de yl­my işi ta­lap ed­ýän önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne iş­jeň gat­naş­ýar­lar. «Lu­koýl» açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti ga­zylyp alyn­ýan hem-de gaý­ta­dan iş­le­nýän ul­ga­myň, dün­ýä ba­za­ryn­da uly is­leg­den peý­da­lan­ýan gaz we ne­bit­hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň ös­dü­ril­me­gin­de Türk­me­nis­tan bi­len hyz­mat­daş­ly­ga gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär. Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da iri tas­la­ma­la­ryň bi­ri bo­lan sil suw­la­ry­ny so­wu­jy aka­ba­la­ryň gur­lu­şy­gy Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň «Woz­rož­de­ni­ýe» önüm­çi­lik bir­le­şi­gi» paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti ta­ra­pyn­dan al­nyp ba­ryl­ýar.
Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­na gir­ýän ýurt­la­ry­ň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň Ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­siniň gün ter­ti­bi­ne se­bi­ta­ra we hal­ka­ra howp­suz­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, sy­ýa­hat­çy­lyk, be­den­ter­bi­ýe we sport, ýaş­lar sy­ýa­sa­ty ugur­la­ryn­da köp­ta­rap­ly hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň top­lu­my gi­ri­zil­di.
Mun­dan baş­ga-da, at­çy­lyk sun­ga­ty ug­run­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len, «Gal­ky­nyş» mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň we­kil­le­ri­niň Rus­si­ýa­nyň döw­let sir­ki­niň we Mosk­wa­nyň uly döw­let sir­ki­niň ýol­baş­çy­la­ry bi­len du­şu­şyk­la­r ge­çi­rildi.
Bu du­şu­şyk­la­ryň we gep­le­şik­le­riň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça dür­li ugur­lar­da hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ra gol çek­ildi. Umu­man, bu sa­par türk­men-rus stra­ge­tik hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze sep­git­le­re ýe­ti­ril­me­gi­ne hem-de iki ýur­duň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň hu­kuk bin­ýa­dy­nyň pug­ta­lan­ma­gy­na ýar­dam eder.

Şat­lyk MU­HAM­MET­GU­LY­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Döw­let gul­lu­gy aka­de­mi­ýa­sy­nyň diň­leý­ji­si.