ABŞ-nyň Ka­li­for­ni­ýa şta­tyn­da 3D prin­te­ri ar­ka­ly tu­tuş ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my gur­lar. Bu ýer­de ýa­rym ýyl­da 15 ýa­şa­ýyş ja­ýy gur­lup, olar äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri özün­de jem­lär, ho­wuz­la­ry we syn­la­ýyş meý­dan­ça­la­ry bo­lar. Ýa­kyn wagt­da Gü­nor­ta Ka­li­for­ni­ýa­nyň Koa­çel­la jül­ge­si­niň çöl­lük ýe­rin­de eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa, 3D prin­te­ri ar­ka­ly ýa­şa­ýyş top­lu­my peý­da bo­lar.
15 bi­na top­lu­my ab­raý­ly Ran­ço-Mi­raž se­bi­tin­de 2 gek­tar meý­dan­da gur­lar. Gur­lu­şyk bi­len meş­gul­lan­ýan «Pa­la­ri Group» kom­pa­ni­ýa­sy bu tas­la­ma­sy­nyň ABŞ-da ener­gi­ýa sarp edi­li­şin­de il­kin­ji tyg­şyt­la­ý­jy tap­gyr bol­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. 3D ar­ka­ly çap et­mek gur­lu­şyk işi­ni ep-es­li çalt­laş­dy­rar we gur­lu­şyk çykdajylaryny azaltmaga kö­mek ed­er. «Pa­la­ri Group»-yň esas­lan­dy­ry­jy­sy we baş di­rek­to­ry Ba­sil Star jaý­la­ryň äh­li amat­­lyk­la­ry özün­de jem­le­jek­di­gi­ni bel­le­di.
Äh­li ener­gi­ýa ze­rur­lyk­la­ry Gün pa­nel­le­ri bi­len üp­jün edi­ler, prin­ter­de çap edip bol­ma­ýan me­bel we beý­le­ki içer­ki önüm­le­riň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ma­te­ri­al­lar­dan ýa­sal­jak­dy­gy ha­bar be­ril­di. Şeý­le ja­ýyň or­ta­ça ba­ha­sy 595 müň dol­lar bo­lar. «Pa­la­ri Group» top­lu­myň gur­lu­şy­gy­na 2021-nji ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da baş­la­ma­gy we tas­la­ma­ny 2022-nji ýy­lyň ýa­zy­na çen­li ta­mam­la­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.

Gur­ban­se­ýit GUR­BA­NOW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.