ABŞ-ly alymlaryň geçiren barlagy gök çaýyň düzümindäki bir maddanyň wirusyň öýjüklere ýapyşmagynyň öňüni alyp biljekdigini ýüze çykardy. Barlag geçirijiler «epigallocatechin gallate (EGCG)» atly bu maddanyň koronawirus ýokanjynyň öňüni almakda täsirli bolup biljekdigine ünsi çekýärler. Şeýle bolansoň, gök çaýyň wirus ýokanjy bilen göreşmekde elýeterli we ynamly öňüni alyş serişdesi bolup biljekdigi aýdylýar. Bu baradaky taýýarlanan ylmy makala «BioRxiv» atly lukmançylyk žurnalynda neşir edildi.
Ylmy barlagçylar Aziýa ýurtlarynda uzak ýyllardan bäri içilýän gök çaýyň wirus sebäpli ýüze çykýan alamatlaryň täsirini azaltmaga ýardam edýändigini mälim edýärler.
Gurbansoltan REJEPOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.