Mer­ke­zi eda­ra­sy ABŞ-nyň Flo­ri­da şä­he­rin­de ýer­leş­ýän «Ae­ri­on» kom­pa­ni­ýa­sy sa­gat­da 5 müň ki­lo­metr tiz­lik bi­len he­re­ket et­jek ýo­lag­çy uça­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­ýar. 50 orun­lyk «AS3TM» at­ly uça­ryň önüm­çi­li­gi 2027-nji ýyl­da ýo­la goý­lar. Il­kin­ji no­bat­da, 300 uçar ön­dü­ri­ler. Ýo­lag­çy uça­ry hä­zir­ki wagt­da 9 sa­gat­da ge­çil­ýän ýo­ly 2,5 sa­gat­da ge­çer. Şeý­le­lik­de, hä­zir­ki wagt­da 9 sa­gat tö­we­re­gi wagt­da ge­çil­ýän Los An­je­les-Tok­ýo ara­ly­gyn­da­ky ho­wa gat­na­wy ba­ry-ýo­gy 2,5 sa­gat­da ge­çi­ler. «Ae­ri­on» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we­kil­le­ri uça­ryň ýan­gyç sarp edi­li­şi­ni azalt­mak üçin teh­no­lo­gi­ýa­da öw­rü­li­şik de­re­je­sin­dä­ki öňe­gi­diş­lik­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di.
Kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy Tom Waýs pla­ne­ta­nyň is­len­dik no­ka­dyn­dan beý­le­ki bir no­ka­dy­na 3 sa­gat­da bar­ma­gy ýo­la goý­ma­gy mak­sat edin­ýän­dik­le­ri­ni bel­le­ýär.
Şeý­le hem kom­pa­ni­ýa hä­zir­ki wagt­da ki­çi göw­rüm­li baş­ga bir uça­ry hem iş­läp taý­ýar­la­ýar. Sa­gat­da 1600 ki­lo­metr ýol geç­jek 12 orun­lyk bu uça­ryň 2023-nji ýyl­da ön­dü­ril­jek­di­gi mä­lim edil­di.

Hez­ret­gu­ly Ama­now,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by, Türk­me­nis­ta­nyň Ag­rar par­ti­ýa­sy­nyň ta­lyp ha­ky­nyň eýe­si.