2016-njy ýylda Hytaýyň Guýçžou welaýatynda gurlan dünýäniň iň uly teleskopynyň işe girizilendigi mälim edildi. FAST (Five-hundred-meter Aperture Spherical Telescope/Bäş ýüz metr aperturaly sferiki teleskop) halkara bilermenleriň ulanmagyna hödürlendi. Ýurduň daşary işler ministrliginiň spikeri Hua Çunýing «twitter» akkaundy arkaly dünýäniň iň uly bitewi çanakly radioteleskopy bolan FAST-dan halkara astronomlaryň peýdalanyp biljekdigini mälim etdi. Hytaýyň Milli astronomiki obserwatoriýalary (NAO) edarasy bolsa dünýäniň islendik ýerindäki astronomlaryň bu ýerdäki barlaglaryny onlaýn görnüşde amala aşyryp biljekdiklerini mälim etdi. Beýanatda teleskop üçin daşary ýurtlardan gelen ýüztutmalara garaljakdygy we netijesiniň 20-nji iýulda mälim ediljekdigi aýdyldy. Bilermenler FAST-yň halkara astronomlar üçin has uly mümkinçilikleri hödürlejekdigini belleýärler.
Bäş ýyl ozal gurlan äpet tabagy ýada salýan antenna diametri 300 metr bolan «Arecibo»-dan ozduryp, dünýäniň iň uly radioteleskopy bolupdy. Bu teleskoplar ýyldyzlary, galaktikalary we has uzakdaky asman jisimlerini anyklamak üçin peýdalanylýar.
Aýgül Ataýewa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.