Meşhur italýan awtoulagy «Fiat 500»-den 2,5 millionynyň satylandygy mälim edildi. Şeýlelikde, modeliň 2007-nji ýyldan bäri öndürilýän gibrid nusgasynda rekord önümçilik hasaba alyndy. Ilkinji gezek 1957-nji ýylda satuwa çykarylan ulagyň dürli görnüşlerinden häzire çenli jemi 6,7 milliony satylypdyr. Ulagyň geçen ýyl çykarylan «Fiat 500» we «Panda» atly nusgalarynda benzin we elektrik energiýasy bilen işleýän gibrid tehnologiýasy ulanylyp başlanypdy. «Fiat 500» häzire çenli dürli ugurlarda 60-dan gowrak baýraga mynasyp boldy. Şäher içinde sürmäge niýetlenen kiçijik ulag 2008-nji ýylda «Ýylyň awtoulagy» (Car of The Year), 2011-nji ýylda «Altyn kompas» (Golden Compass) we «Dünýäniň iň owadan awtoulagy» (The Most Beautiful Car in the World) ýaly abraýly baýraklara mynasyp görüldi.
PDF









