Behişdi bedewlerimiziň hakyky muşdagy, at münmegiň ajaýyp ussady hem-de atçylyk sportuny wagyz edýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, täze taryhy döwürde ahalteke bedewi okgunly ösýän ýurdumyzyň baş nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň dowamly arabaglanyşygynyň beýanyna öwrüldi.
Her ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň milli baýramyny giňden belleýäris. Bu gün ady rowaýata öwrülen bedewlerimiziň şan-şöhraty belende galyp, aýratyn buýsanjyň we ylham-joşgunyň beýany, türkmen halkynyň göwün ganaty, milli baýlygy hasaplanýar.
Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, behişdi bedewlerimiziň dünýä dolan şöhraty görlüp-eşidilmedik derejede belende galdy. Edara binasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, tutuş ýurdumyz boýunça döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenilmegi aýdylanlaryň subutnamasydyr.
Däp bolşy ýaly, şol senä bagyşlanyp, atlaryň halkara gözellik bäsleşigi, behişdi bedewleriň gaýtalanmajak tebigy gözelligini ýokary çeperçilik taýdan beýan etmek ugrunda medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda döredijilik bäsleşikleri, şeýle hem ýöriteleşdirilen sergi-ýarmarkalar, ylmy maslahatlar, at çapyşyklary hem-de arassa ganly bedewleriň sergileri geçirilýär.
Ýeri gelende ýatlasak, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen şu şanly ýylda Türkmen bedewiniň milli baýramy ilkinji gezek Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde belleniler. Munuň özi şöhratly ata-babalarymyzyň dünýä peşgeş beren gymmatlyklarynyň uly ähmiýetini görkezýär.
Ahalteke bedewlerine uly gadyr goýýan hormatly Prezidentimiz olaryň arassa ganlylygynyň saklanyp galmagy ugrunda hem uly tagalla edýär. Ine, ýakynda, 22-nji martda hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Bu ýerde milli Liderimize ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi barada buşluk habary ýetirildi. Ony milli Liderimiziň hut özi seýisläp ýetişdirdi. Döwlet Baştutanymyz ak mermerli paýtagtymyzyň ýetip gelýän 140 ýyllygynyň hormatyna Akhanyň we Lälegyzyň taýyna Aşgabat diýip at goýdy.
Ady belli Akhan dünýä taryhynda hem görnükli yz galdyrmagy başardy. Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda Akhanyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawy ýakyldy. 2018-nji ýylda bolsa Akhan çarpaýa galyp, artky aýaklarynyň üstünde ýöremekde 10 metr aralygy 4,19 sekuntda geçip, bäsleşigiň bu görnüşi boýunça dünýä rekordyny täzeledi.
Mälim bolşy ýaly, döwletimiz bu pudagyň ösdürilmegine ägirt uly serişdeleri goýberýär. Bu maýa goýumlar halkara ölçeglere laýyk gelýän häzirki zaman düzümleriniň döredilmegine, bar bolan maddy-enjamlaýyn binýadyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna, ylmy barlaglaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyna, tohumçylyk-seçgiçilik işleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Bu işler degişli ugurda milli gazanylanlary hem-de iň gowy dünýä tejribesini ulanmak, ýokary derejeli hünärmenleri – seýisleri, çapyksuwarlary, seçgiçileri, weterinarlary we beýlekileri taýýarlamak arkaly alnyp barylýar.
Ahalteke bedewi türkmenleriň ygtybarly dosty hem-de hemrasy hasaplanýar. Ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny arşa galdyrýan milli Liderimiziň jany sag, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Eziz ARTYKLYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy.