Şu günler ýurdumyzyň pagtaçy kärendeçileri möhüm jogapkärli möwsümi başdan geçirýärler. Ýurdumyzda gowaça ekişi dowam edýär. Gowaça ekişiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi gowy gögerişi gazanmagyň, bu gymmatly ekinden bol hasyl almagyň binýady hasaplanylýar. Şonuň bilen birlikde, bu babatda ýokary hilli tohumyň ähmiýeti-de örän uludyr. Bu babatda ýurdumyzyň alymlary seçgiçilik işlerinde hem ýokary netije gazanýarlar.

Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň da­ba­ra­ly bel­le­nil­ýän şu ýy­lyn­da oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da oňat gör­ke­zi­ji­le­riň ga­za­nyl­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. Oba ho­ja­ly­gy di­ňe bir pag­ta hem-de bug­daý bi­len çäk­len­män, eý­sem, bu ugur­da ýe­ral­ma, so­gan, gök, bak­ja ekin­ler, şeý­le hem dä­ne­li ekin­ler­den şa­ly, mäş, kün­ji eki­lip, bu oba ho­ja­lyk önüm­le­rin­den hem go­wy ha­syl alyn­ýar. Bu­lar ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­nyň dör­edil­me­gi­ne ön­jeý­li ýar­dam ed­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­my­zy ös­dür­mek­de, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak­da ägirt uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Oba ho­ja­lyk pu­da­gy hem döw­le­ti­mi­zi ös­dür­me­giň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu ul­gam­da hu­su­sy pu­da­gyň we­kil­le­ri hem soň­ky ýyl­lar­da go­wy ne­ti­je­ler ga­zan­ýar­lar. Oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da zäh­met çek­ýän hu­su­sy­ýet­çi­le­riň sa­ny yzy­gi­der­li art­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän oba ho­ja­lyk we azyk önüm­le­ri­niň or­ta­ça 92 gö­te­rim­den gow­ra­gy yk­dy­sa­dy­ýe­tiň döw­le­te da­hyl­syz bö­le­gi­ne de­giş­li­dir. Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si bo­ýun­ça oba ho­ja­lyk we azyk önüm­le­ri­niň ön­dü­ri­li­şi­niň ösü­şi ge­çen ýyl 155,6 gö­te­ri­me ba­ra­bar bol­dy. 2020-nji ýyl­da hu­su­sy pu­dak­da ýe­ral­ma­nyň 37 müň ton­na­dan gow­ra­gy­nyň ýyg­nal­ma­gy bu ba­bat­da iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji bol­dy. Bak­ja ekin­le­ri­niň, mi­we, ir-iý­miş, gök önüm­le­riň, dä­ne­li, kö­sük­li ekin­le­riň önüm­çi­li­gi­niň ar­ty­şy ba­bat­da-da şeý­le gu­wan­dy­ry­jy de­lil­le­ri ge­tir­mek bo­lar.
Ge­çen ýyl Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry­nyň ýe­tiş­di­ren 37 müň 750 ton­na po­mi­do­ry da­şa­ry ýurt­la­ra eks­port edil­di. Bu bol­sa şon­dan öň­ki ýyl bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, 70 gö­te­rim köp­dür. Eý­ýäm şu ýy­lyň ýan­war-few­ral aý­la­ryn­da bol­sa bu gör­ke­zi­ji­niň 16 mü­ňe ba­ryp ýe­ten­di­gi dep­gi­niň bar­ha ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 2018-nji ýy­lyň 12-nji okt­ýab­ryn­da­ky Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, daý­han bir­le­şik­le­ri­niň je­mi 111 917,9 gek­tar ýe­ri 70 gö­te­ri­mi­ne döw­let sar­gy­dy esa­syn­da bug­daý we go­wa­ça, ga­lan 30 gö­te­ri­mi­ne bol­sa öz is­le­gi­ne gö­rä dür­li gör­nüş­li ekin­le­ri ek­mek şer­ti bi­len hu­su­sy ta­rap­la­ra be­ril­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň şol ýy­lyň 29-njy okt­ýab­ryn­da­ky Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da bol­sa, gök-bak­ja­çy­lyk daý­han bir­le­şik­le­ri­niň je­mi 19 383,22 gek­tar ýe­ri gök-bak­ja we beý­le­ki azyk­lyk ekin­le­ri ek­mek şer­ti bi­len hu­su­sy ta­rap­la­ra be­ril­di. Şol ýer­le­re mi­we­li bag­lar, üzüm, ýe­ral­ma, so­gan, gök, bak­ja ekin­ler, şeý­le hem dä­ne­li ekin­ler­den şa­ly, mäş, kün­ji ekil­ýär.
Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 2020-nji ýy­lyň 31-nji ýan­wa­ryn­da­ky we 2020-nji ýy­lyň 9-njy okt­ýab­ryn­da­ky Ka­rar­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň 268 sa­ny ag­za­sy Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň «John Dee­re» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň dün­ýä meş­hur teh­ni­ka­la­ry­ny we en­jam­la­ry­ny sa­tyn al­mak üçin şert­na­ma­la­ry bag­laş­dy­lar.
Ýo­kar­da ge­ti­ri­len my­sal­lar­dan gör­nü­şi ýa­ly, oba ho­ja­ly­gyn­da­ky ösüş­ler köp san­ly pu­da­ga hem özü­niň oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Go­wa­ça eki­şi­niň bol ha­sy­ly­nyň ne­ti­je­sin­de ýyg­nal­jak pag­ta dok­ma se­na­ga­ty üçin, onuň çi­gi­di bol­sa ýag önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry üçin gym­mat­ly çig mal­dyr.
Oba ho­ja­ly­gyn­da ýer­den alyn­ýan dür­li önüm­ler hem azyk bol­çu­ly­gy­nyň su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar. Bu ugur­da hu­su­sy pu­da­gyň we­kil­le­ri­niň iş­jeň çe­kil­me­gi dür­li önüm­le­riň önüm­çi­li­gi bi­len bir ha­tar­da köp san­ly gaý­ta­dan iş­le­ýän önüm­çi­lik­le­riň dö­re­me­gi­ne hem-de tä­ze ýüz­ler­çe iş or­nu­nyň peý­da bol­ma­gy­na ge­tir­ýär. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­nyň ke­pi­li bo­lup dur­ýar. Şeý­le iş­le­riň sa­ka­syn­da du­ran hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň il-ýurt bäh­bit­li alyp bar­ýan iş­le­ri ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Öwez­mäm­met ORAZ­MÄM­ME­DOW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba
ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň uly mu­gal­ly­my,
Teh­ni­ki ylym­la­ry­nyň kan­di­da­ty.