Bahar pas­lyn­da gül­ler açy­lyp, Gün şöh­le sa­çan­da göw­nü­mi­zi nä­hi­li­dir bir şat­lyk gur­şap al­ýar. Ho­wa­nyň gyz­ma­gy we ýa­gy­nyň köp ýag­ma­gy de­ri ýa-da suw ge­çir­me­ýän ma­te­ri­al­lar­dan ti­ki­len pen­jek geý­mek möw­sü­mi­niň ge­len­di­gi­ni ýat­lad­ýar. Hü­när­men­ler ýa­gyş­ly we sal­kyn ho­wa­ly möw­süm­de ge­ýil­me­li egin-eşik­le­ri iki to­pa­ra böl­ýär­ler: ýaz möw­sü­mi­niň ba­şyn­da we ahy­ryn­da ge­ýil­ýän ge­ýim­ler. Ýaz aý­la­ryn­da ge­ýil­me­gi mas­la­hat be­ril­ýän egin-eşik­ler ba­ra­da gy­zy­ky mag­lu­mat­la­ry si­ze ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik!

Egin-eşiklerde reňk sazlaşygy
Möwsüme ga­ra­maz­dan, he­mi­şe egin-eşik­le­riň owa­dan saz­la­şy­gy­ny dö­ret­mek üçin möw­sü­miň reňk­le­ri­ni, eşik­le­ri­ni, aýak­gap­la­ry­ny we ak­ses­su­ar gör­nüş­le­ri­ni bil­mek we ola­ra üns ber­mek hem­mä­ni gy­zyk­lan­dyr­ýar. El­bet­de, bu ýer­de diý­jek bol­ýan za­dy­myz mo­da bo­lan za­dy sa­tyn al­mak we geý­mek däl. Esa­sy zat, möw­sü­me görä saý­la­mak we ola­ry si­ze la­ýyk gör­nüş­de utgaşdyrmakdan ybarat. Ýaz­da ge­ýil­jek eşik­le­riň reň­ki ak ýa-da açyk reňk­ler bol­ma­ly. Bu möw­sü­miň mo­da reňk­le­ri­ne göz aý­la­sa­ňyz, öçüg­si reňk­le­riň ag­dyk­lyk ed­ýän­di­gi­ni gö­rer­si­ňiz. Ýaz pas­ly he­ni­zem sal­kyn bo­lup bi­ler, şo­nuň üçin goş­ma­ça bir zat geý­mek ze­rur­ly­gy ýü­ze çyk­ýar. De­ri pen­jek­ler, ýe­ňil pal­to, ýe­lek, bla­zer, jins­ler, de­ri jal­bar­lar bu möw­sü­miň esa­sy ugur­la­ry­dyr. Ba­ha­ryň gel­me­gi bi­len, in­di ýy­ly aýak­gap­lar bi­len hoş­la­şyp, ýe­ňil sport köw­şi, gys­ga, ýa­pyk gör­nüş­li aýak­gap­la­ry geý­me­giň wag­ty gel­di.
Egin-eşik­le­riň reňk saz­la­şy­gy­na hu­su­san-da ýaz möw­sü­min­de has köp üns be­ril­ýän­di­gi­ni ýa­dy­ňyz­dan çy­kar­maň! Ki­çi­räk ýan tor­ba, äý­nek, go­şar sa­ga­dy we baş­gap si­ziň egin-eşik­le­ri­ňi­ziň üs­tü­ni ýe­ti­rer.

Ine, ýaz paslynda erkekleriň eşikleri barada ugurlar:
Çal reňk: bu reňk dört pa­syl­da hem äh­mi­ýe­ti­ni ýi­tir­me­ýär. Bu möw­süm­de dür­li gör­nüş­li ma­ta­lar­dan ti­ki­len pen­jek­ler we pen­jek-jal­bar saz­la­şy­gy bo­lan çal reňk­li egin-eşik­le­ri ge­ýmek maslahat berilýär.
Ak reňk: to­mus möw­sü­mi­niň reň­ki ha­sap­lan­ýan hem bol­sa, esa­san, ba­har möw­sü­min­de-de ak reňk­li köý­nek­le­re we ak reňk­li jal­bar­la­ra duş gel­mek bol­ýar. Mun­dan baş­ga-da, ak reňk­li başgap­la­ry ge­ýip, sti­li­ňi­zi üýt­ge­dip bi­ler­si­ňiz.
Gök reňk: as­ma­nyň ýa-da deň­ziň reň­ki adam­la­ra hem be­zeg be­rip bi­ler. Şol se­bäp­li bu möw­süm­de ýe­ňil köý­nek­çe­ler, kros­sow­ka­lar we beý­le­ki eşik­le­ri saý­la­ny­ňyz­da gök reň­ki hem göz öňün­de tu­tup bi­ler­si­ňiz.
Ýa­şyl reňk: soň­ky ýyl­lar­da zeý­tun ýa­şyl reňk­li egin-eşik­ler mo­da bol­dy. Bu reň­ki beý­le­ki reňk­ler bi­len bir­leş­dir­mek hem müm­kin. Şo­nuň üçin mo­da us­sat­la­ry ýa­şy­lyň zeý­tun reň­ki­ni mas­la­hat be­rip, di­ňe er­kek­le­re däl, eý­sem, ze­nan­la­ra-da ge­liş­ýän­di­gi­ni aýd­ýar­lar.

 

Ma­ýa MI­SE­KO­WA,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.