Mawy şöhle ýaýradýan diody (LED) oýlap tapan, bu açyşy üçin 2014-nji ýylda Nobeliň fizika baýragyna mynasyp bolan ýapon fizigi Akasaki Isamu 92 ýaşynyň içinde aradan çykdy. “Kyodo” agentliginiň habaryna görä, Meijo uniwersiteti Akasakiniň Nagoýa şäherinde dünýeden ötendigini mälim etdi. Kagoşimada doglan Akasaki 1952-nji ýylda Kýoto uniwersitetini tamamlady. Soňra häzirki ady “Panasonic” bolan, şol döwürde “Matsushita Electric Industrial” atly firmada işledi. 1981-nji ýylda Nagoýa uniwersitetinde professor derejesini aldy. Akasakiniň oýlap tapan LED çyralary häzirki wagtda öýleri, iş ýerlerini we köçeleri ýagtylandyrmakda ulanylýan adaty çyralaryň ýokary derejede energiýa tygşytlamagyna ýardam edýär. Şeýle hem bu çyralar açyk howada şekil görkezýän panellerde, awtoulaglarda we elektron enjamlaryň ýüzlerçe görnüşinde giňden peýdalanylýar.