4-nji aprelde Bolgariýada geçirilen Parlament saýlawlarynda “Bolgariýanyň raýatlary Ýewropa ösüşi üçin” (GERB) Demokratik güýçler bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda ýeňiş gazandy.

Şeýlelik bilen, GERB 25% ses aldy, “Şeýle halk bar” partiýasy – 17,1%, Bolgariýa Sosialistik Partiýasy (BSP) 16,7% ses aldy. Şeýle hem Bolgariýanyň Halk ýygnagynda (Parlament) “Demokratik Bolgariýa” 10,5%, “Hukuklar we azatlyklar üçin hereket” 10,2%, “Galkynyş” 5% we VMRO 4,7% sese eýe boldy.

Saýlawlara jemi 22 partiýa, sekiz koalisiýa, şeýle-de garaşsyz dalaşgärler gatnaşdy. Parlamentdäki 140 orun üçin 6985 dalaşgär dalaş etdi.

Ýurduň hemme ýerinde 12 müň töweregi saýlaw uçastogy, şeýle hem daşary ýurtlarda ses bermek 465 saýlaw uçastogy açyldy. 6 million 300 müň saýlawçynyň bolan ýurdunda Parlament saýlawlaryna gatnaşanlaryň sany 43,9%-e deň boldy.

Bolgariýada soňky saýlawlar 2017-nji ýylyň 26-njy martynda geçirilipdi. Şonda GERB 33,54% ses alyp, ýeňiş gazanypdy. Bolgariýa sosialistik partiýasy (BSP) hem öz gezeginde ikinji ýeri eýeläp, oňa saýlawçylaryň 27,93%-i ses beripdi.