MUNICH, GERMANY - APRIL 07: Kylian Mbappe of Paris Saint-Germain celebrates after scoring their side's first goal during the UEFA Champions League Quarter Final match between FC Bayern Munich and Paris Saint-Germain at Allianz Arena on April 07, 2021 in Munich, Germany. Sporting stadiums around Germany remain under strict restrictions due to the Coronavirus Pandemic as Government social distancing laws prohibit fans inside venues resulting in games being played behind closed doors. (Photo by Alexander Hassenstein/Getty Images)

UEFA Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň soňky 2 oýnunda myhmançylykdaky toparlar ýeňiş gazanyp, ýarym finala ynamly ilkinji ädimlerini ätdiler.

Geçen möwsümiň finalda duşuşan iki toparynyň arasyndaky oýunda PSŽ myhmançylykda “Bawariýany” 3-2 hasabynda ýeňmegi başardy. Eýýäm 3-nji minutda, has takygy, 169-njy sekuntda gol geçiren Kilian Mbappe “Bawariýanyň” derwezesinden iň çalt 2-nji goly girizdi. 28-nji minutda Markinios hasaby 2-0-a çykardy. Iki goluň hem pasyny Neýmaryň berendigini belläliň. 37-nji minutda PSŽ-niň ozalky oýunçysy Erik Maksim Çupo-Moting tapawutlanyp, “Bawariýany” umytlandyrdy. 60-njy minutda Tomas Mülleriň geçiren goly bilen hasap deňlendi. Ýöne bu goldan 8 minutda soň ýene-de Kilian Mbappe tapawutlanyp, parižlilere ýeňiş getiren oýunçy boldy. Şunlukda, UÇL-de 19 oýundan bäri ýeňilmän gelýän “Bawariýa” ilkinji gezek utuldy. Topar soňky gezek 2019-njy ýylyň 13-nji martynda “Liwerpuldan” asgyn gelipdi. Şeýle-de, “Bawariýa” Hansi Flikiň tälimçiliginde UÇL-de (15 ýeňiş, 1 deňlik) ilkinji gezek utuldy. “Bawariýanyň” düzümine şikesi bolan Lewandowski hem-de pandemiýa uçran Serže Gnabri çykyş etmedi.

Jogap duşuşygy 13-nji aprelde Parižde oýnalar.