Hytaýyň paýtagty Pekinde ýaşaýan milliarderleriň sany ABŞ-nyň iri maliýe merkezi hasaplanýan Nýu-Ýork şäherinde ýaşaýanlardan geçip, dünýäde birinji boldy. Hytaýyň paýtagtyndaky aşa gurply adamlaryň sany soňky bir ýylda 33 sany köpelip, 100-e ýetdi. “Forbes” žurnalynyň taýýarlan soňky maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Nýu-Ýorkda 99 sany dollar milliarderi ýaşaýar. Pekiniň 21 million, Nýu-Ýorkuň 8,4 million töweregi ilaty bar. Soňky bir ýylda Nýu-Ýurkda 7 sany täze milliarder peýda bolupdyr. “ByteDance” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Žang Ýiming 35,6 milliard dollarlyk baýlygy bilen iň baý pekinli boldy. Nýu-Ýorkuň ozalky meri, “Bloomberg” agentliginiň esaslandyryjysy Maýkl Blumberg 59 milliardlyk dollary bilen bu şäheri iň baýy boldy.

Hytaýyň awtonom sebiti bolan Gonkongda bolsa 80 milliarder ýaşaýar. Şeýlelikde bu şäher milliarderleriň iň köp ýaşaýan üçünji şäheri boldy. Umumy sanawda Hytaýyň Şenžen şäheri (68 milliarder) bäşinji, Şanhaý (64 milliarder) altynjy ýeri eýeledi. Ilkinji onlukdaky şäherleriň bäşisi Hytaýa degişli boldy. ABŞ-dan bolsa, Nýu-Ýork bilen San-Fransisko ilkinji onluga girdi. Ýurtlar babatda bolsa ABŞ öňdeligini dowam etdirdi. Birleşen Ştatlarda jemi 724 milliarderiň ýaşaýandygy mälim edildi. Bu ýurtda ýaşaýan milliarderleriň umumy baýlygy soňky bir ýylda 1,5 trillion dollar artyp, 4,4 trillion dollara ýetipdir. Hytaýdaky milliarderleriň sany 626-a ýetýär. Olaryň umumy baýlygy 2,5 trillion dollar töweregi. Hytaýly milliarderleriň umumy baýlygy soňky bir ýylda 1,3 trillion dollar köpelipdir.

Bu ýylky sanawa Hytaýdan 210 täze at goşulypdyr. Neşiriň bellemegine görä, geçen ýylda milliarderleriň sany 2 müň 95 bolan bolsa, şu ýylyň başynda üçden bir möçberinde artyp, 2 müň 755-e ýetdi.