Ir bilen Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, ýaşlar ýygnandylar. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.
Hormatly Prezidentimiz ýygnananlara ýüzlenip, hemmeleri «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bellenýän ajaýyp halkara baýramy – Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu ajaýyp baýram dostlugyň, parahatçylygyň hem-de sportuň belent däplerini dabaralandyrýar. Şoňa görä-de, bu baýram jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini has-da berkidýän möhüm waka hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Şonuň üçin hem biz dünýä bileleşigi bilen birlikde eziz Diýarymyzda bu halkara baýramyny ýokary ruhubelentlik bilen belleýäris.
Milli Liderimiz Bütindünýä saglyk gününiň şanyna bagyşlanyp geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleriniň Garaşsyz döwletimiziň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde abraýyny dünýä giňden ýaýýandygyny belledi. Berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady kuwwaty, halkymyzyň ruhy galkynyşy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglydyr.
Şoňa görä-de, biz köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, umuman, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly halkymyzyň gadymy däplerini mynasyp dowam edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Ýurdumyzda iri sport hem-de atçylyk-sport toplumlarynyň, stadionlaryň, sport mekdepleriniň, Olimpiýa şäherçesiniň gurlup, döwrebap sport düzümleriniň döredilmegi muny aýdyň tassyklaýar. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy sport ulgamy bolsa bu ugurda bize uly ösüşleri gazanmaga mümkinçilik berýär.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz döwletimiziň sport senenamasyna ajaýyp wakalaryň ençemesi ýazyldy. Türkmenistan dünýä we sebit derejesindäki iri halkara ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Eziz Watanymyzyň bu ugurdakу üstünlikleri abraýly halkara guramalary tarapyndan ykrar edilýär.
Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz dünýäde olimpiýa hereketini ösdürmäge hem mynasyp goşant goşýar. Şu ýyl paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde welosiped sportunyň trek görnüşi boýunça dünýä çempionaty, şeýle hem tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşynyň tapgyry guralar.
Şu günler bu iri ýaryşlara gowy taýýarlyk görmek, hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça halkara sport guramalary bilen bilelikde toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Bu işleriň ählisi sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekany bolan Bitarap döwletimiziň dünýädäki at-abraýyny has-da ýokarlandyrýar. Garaşsyz Watanymyzda baş baýlygymyz bolan ynsan saglygyna uly üns berilýändigini bütin dünýä äşgär edýär.
Hormatly Prezidentimiz sport çäresine gatnaşyjylaryň ählisini Bütindünýä saglyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da artdyrmak ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýaryşa gatnaşyjylaryň köpçülikleýin welosiped ýörişine badalga berdi. Milli Liderimiziň göreldesine eýerip, ýörişe gatnaşyjylar Saglyk ýolundan uzap gidýän Arçabil hem-de Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry boýunça agzybirlik bilen herekete başladylar.
Welosiped sportunyň ýurdumyzda uzak taryha hem-de däplere eýedigini bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, Aşgabatda welosipedçileriň ilkinji jemgyýeti 1894-nji ýylda, ýagny 127 ýyl mundan ozal döredildi. Bir ýyldan soň bolsa ilkinji ýaryşlar geçirilip, Türkmenistanda sportuň bu görnüşini ösdürmäge badalga berildi. Milli Liderimiziň öňdebaryjy sport syýasatynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, bu gün welosiped sporty türkmenistanlylaryň arasynda barha uly meşhurlyga eýe bolýar.
Welosiped sporty bilen meşgullanmak hem-de welosipedli gezelençler saglyk üçin peýdalydyr, mundan başga-da, tebigatyň gözelligini synlap, lezzet almaga mümkinçilik berýär. Säher bilen arassa howada geçirilen wagt keýpiçaglyk döredýär, ylhamyňy joşdurýar, tutuş günüň dowamynda ruhubelentlik berýär.
Welosipedli gezelençler dünýäde uly jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň biridir, şeýle çäreler dürli durmuş, sport hem-de ekologiýa taslamalaryny hem-de başlangyçlary goldamak maksady bilen geçirilýär.
Şunuň ýaly möhüm ähmiýetli çärelere milli Liderimiziň hut özüniň gatnaşmagy bu wakanyň örän möhümdigine güwä geçmek bilen çäklenmän, ynsan saglygy, halkymyzyň durmuş we abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly ähli taslamalaryň derejesini kesgitleýär, şolaryň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygynyň tassyknamasy bolup hyzmat edýär.
2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etmegi hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketini işjeňleşdirmek we goldamak, milli hem-de ählumumy derejede jemgyýetiň ýokary ekologiýa medeniýetini kemala getirmek ugrunda edýän yzygiderli tagallalarynyň halkara bileleşigi tarapyndan giňden ykrar edilendiginiň subutnamasydyr.
Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça tassyklanylan bu ajaýyp sene raýdaşlyk we ynanyşmak, sagdynlyk hem-de hoşniýetli erk-isleg ýaly gymmatlyklaryň ähmiýetini alamatlandyrýar, sportuň parahatçylygyň hem-de dostlugyň ilçisi hökmündäki mümkinçiliklerini giňeldýär. Bu senäniň şanyna geçen ýyl Aşgabatda «Welosiped» binasy açyldy, ol ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp künjegine öwrüldi.
Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem milli Liderimiziň başyny başlan täzeçil şähergurluşyk strategiýasy netijesinde, ýokary halkara ölçeglerine laýyk derejede enjamlaşdyrylan sport we atçylyk sport toplumlary, döwrebap awtodromlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri yzygiderli guruldy, şolar dünýäniň täze çempionlaryny terbiýelemäge hem-de Olimpiýa ätiýaçlygynyň kemala getirilmegine ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly durmuş ugurly syýasaty netijesinde, bu gün sagdynlygyň we ruhubelentligiň mynasyp ykrar edilen ýeri – Türkmenistanda bedenterbiýä we sporta eýerýänleriň sany örän köpdür.
Şahsy göreldesi ösüp gelýän nesli sazlaşykly terbiýelemek işinde örän uly orun eýeleýän milli Liderimiziň baştutanlygynda birnäçe ýyl bäri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty wagyz etmek, Türkmenistany halkara derejesindäki iri sport döwleti hökmünde berkarar etmek boýunça uly işler alnyp barylýar.
Bu möhüm işe ýurdumyz belent ynsanperwerlik ýörelgelerini utgaşdyrýar. Bu bolsa Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagy bilen birlikde, olimpiýa hereketiniň maksatlaryna eýerilmegi bilen gönüden-göni bagly bolup, özünde belent ynsanperwer mazmuny jemleýär. Bularyň ählisi hem adamlaryň mümkinçiligini has doly açmaga gönükdirilendir. Häzirki wagtda sport halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm düzüm bölegi, ussatlygy bilen olimpiýa hereketiniň belent maksatlaryny tassyklaýan türgenler bolsa parahatçylygyň ilçileri hasaplanylýar.
Halkara derejeli ökde türkmen türgenlerini, ussat tälimçileri we beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak şu ýylyň ýanwar aýynda döwlet Baştutanymyz tarapyndan tassyklanylan 2021-2025-nji ýyllarda Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň milli maksatnamasynyň, beýleki döwlet maksatnamalarynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.
…Hormatly Prezidentimiziň baştutanlyk edýän welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň topary paýtagtymyzyň ajaýyp şaýollary boýunça hereketini dowam etdi.
Giň şaýollar, olaryň ugrunda peýda bolan belent ak mermerli binalar, özboluşly bezegli çüwdürim toplumlary, abadanlaşdyrylan seýilgähler hem-de ýaşyl zolaklar, köp öwüşginli gülzarlyklar kalbyňy joşdurýar, olar şu ýyl özüniň 140 ýyllyk şanly senesini belleýän Aşgabadyň keşbine aýratyn öwüşgin çaýýar.
Bu sene hem-de döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzyň binagärlik toplumlarynyň üstüni ýetirjek ýene-de birnäçe täze desgalar açylyp, ulanmaga berler.
Hormatly Prezidentimiz welosipedde köpçülikleýin ýörişiň tamamlanýan ýeri bolan Döwlet münberi ýerleşýän ýurdumyzyň Baş meýdançasyna geldi. Milli Liderimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişiň Bütindünýä saglyk güni mynasybetli bolşy ýaly, onuň tutuş ilatymyzy bedenterbiýe-saglyk hereketine işjeň çekmekde ähmiýetlidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, ekologiýa ugruny nazarlaýan şeýle çäreleriň diňe bir adam saglygyna oňyn täsir etmek bilen çäklenmän, eýsem, jemgyýetimizde agzybirligi pugtalandyrýar we adamlary täze döredijilik üstünliklerine, zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleriň dabaralandyryljakdygyny belledi. Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli baýramçylyga taýýarlyk görülýän günlerde Diýarymyzyň baş şäheriniň arassaçylyk, abadançylyk derejesine, dabaralara görülýän taýýarlyk işleriň guramaçylyk ýagdaýyna möhüm üns berilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz sport çäresine gatnaşýanlar bilen hoşlaşyp, olara üstünlikleri arzuw etdi.