Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgäniň netijesinde ýurdumyzda raýatlarymyz üçin ähli şertler döredilýär. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy gülläp ösüşlere besläp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gowulandyrylmagy ugrunda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen paýtagtymyz gün-günden görk alyp, dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülýär. Milli Liderimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde Aşgabat şäheri tapgyrlaýyn ösdürilýär. Medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, sport toplumlarynyň, söwda merkezleriniň, şaýollaryň, aýlaw köprüleriň, seýilgähleriň, ýadygärlikler toplumlarynyň gurluşyklarynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zaman tejribeleri utgaşdyrylyp alnyp barylýar.
Ak mermerden ak şäheriň binagärlik aýratynlygy, sazlaşykly ösüşi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyndan mynasyp orun almagynda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory – eziz Arkadagymyzyň uly goşandy bar.
Gahryman Arkadagymyzyň ajap sungaty bolan Aşgabat – gözelligiň mekany, ajaýyplygyň mesgeni. Şahyryň goşgy setirlerinde Aşgabat şeýle wasp edilýär:
Aşgabat, Aşgabat, janym Aşgabat,
Watanym, şöhratym-şanym Aşgabat!
Hawa, paýtagt her bir döwletiň özboluşly nyşany, esasy merkezi bolmak bilen, ol halkyň iň gowy şähergurluşyk taslamasyny, binagärlik aýratynlyklaryny öz keşbine siňdirýär. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyza iş saparynyň çäginde Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde bina edilýän, birnäçe durmuş maksatly binalary özünde jemleýän döwrebap Söwda we dynç alyş toplumynyň gurluşygy bilen tanşyp, bu toplumy «Aşgabat» diýip atlandyrmagy teklip etdi. Milli we häzirki zaman bezegi bilen tapawutlanýan täze binalar toplumy paýtagtymyzda öňden hereket edýän, dürli harytlara we hyzmatlara baý bolan «Berkarar», «Aşgabadyň ýalkymy», «Bagtyýarlyk», «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkezleriniň, şeýle-de baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli gurlup, ulanmaga berlen köp sanly täze desgalaryň üstüni ýetirip, baş şäherimiziň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna ajaýyp sowgat bolar.
Şu ýyl eziz Diýarymyzda uludan tutulýan goşa toý, goşa baýram – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy we Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygy türkmen taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrar. Ýubileý seneleri mynasybetli paýtagtymyzyň şaýollarynda, köçelerinde, aýlaw ýollarynda peýda bolan owadan ýazgylar, bezeg panolary, bilim ojaklarynda, edara-kärhanalarda giňden ýaýbaňlandyrylýan medeni we sport çäreleri, guralýan bäsleşikler, ýaryşlar asuda we parahat durmuşymyzdan, bolelin ýaşaýşymyzdan nyşan.
Owadan paýtagtymyz Aşgabat giň, owadan hem arassa köçeleri, ak mermere bürenen belent binalary bilen sebitiň hem-de dünýäniň iri syýahatçylyk merkezine öwrüldi. Bu günki gün Aşgabat şäheri parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň hakyky merkezine öwrüldi. Ata Watanymyz Türkmenistan hemmetaraplaýyn ösüşleriň, parahatçylykly hyzmatdaşlygyň ýurdy, şeýle hem tebigy we milli baýlyklaryň mekany. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek ugrunda çekýän abyrsyz zähmeti, durmuşa geçirýän bimöçber tagallalary türkmeni ençeme asyrlaryň dowamynda arzuwlap gelen bagtyýarlygyna eýe etdi. Gahryman Arkadagymyz Hydyr gören türkmen topragynyň üstünde beýik özgertmelere badalga bermek bilen ösüşiň ynamly ýoluny gurdy. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurdy abadan, badalga beren aýdyň ýollary asyrlara dowam bolsun!
Jemal ATAJANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.