Dünýäniň öňdebaryjy energiýa kompaniýasy bolan «Shell» energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine has köp maýa goýýar. Köp ýyllardan bäri nebit çykarmak bilen meşgullanýan niderland-iňlis kompaniýasy soňky ýyllarda elektroulaglar üçin zarýad beketlerini gurýar. Häzirki wagtda kompaniýa dünýäniň dürli ýurtlarynda 60 müňe golaý awtoulaglara zarýad berýän beketleri gurdy. Kompaniýa nebit önümçiligini 2030-njy ýyla çenli 20 göterim, 2035-nji ýyla çenli 45 göterim, 2050-nji ýyla çenli bolsa dolulygyna aradan aýyrmagy maksat edinýär. Onuň hasabyna energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri we wodorod ýangyç önümçiligine ähmiýet berler. Kompaniýanyň nebit önümçiligi soňky 2-3 ýyldan bäri pese gaçýar. Netijede, «Shell» energiýa önümçiligindäki nebitiň paýyny azaldyp, onuň ýerine has arassa çeşmelere ähmiýet berýär. Bu görkezijiniň yzygiderli artdyrylmagy göz öňünde tutulýar.
Kakamyrat Aşyrow,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň talyby.