8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi.

Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde milli Liderimiz we myhman syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ägirt uly serişdelere we ykdysady kuwwata eýe bolan iki goňşy döwletiň deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan däp bolan hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Mälim bolşy ýaly, soňky onýyllyklaryň dowamynda Türkmenistan we Eýran netijeli hyzmatdaşlygyň baý tejribesini topladylar. Şol hyzmatdaşlyk bolsa tutuş sebitiň ykdysady taýdan ösmegine gönükdirilen iri möçberli bilelikdäki taslamalaryň ençemesiniň durmuşa geçirilmegi bilen berkidildi.

Diplomat Eýran tarapynyň möhüm halkara taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini belläp, şol taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebit we dünýä möçberinde söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam eder.

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň netijesinde, geljegi uly türkmen bazarynyň ýylsaýyn tutuş dünýäden maýadarlaryň we meşhur kompaniýalaryň köp sanlysynyň ünsüni özüne çekýändigini belläp, öz ýurdunyň işewür toparlarynyň hem öňden gelýän gatnaşyklary giňeltmäge hem-de Türkmenistanyň döwlet we hususy düzümleri bilen has ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşmalaryň çäklerinde ýola goýlan gatnaşyklaryň özara ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak häsiýetiniň goňşy ýurtlara diňe bir gazanylan ylalaşyklary üstünlikli durmuşa geçirmäge däl, eýsem, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny we usullaryny gözlemäge mümkinçilik berýändigi barada umumy pikir beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň işini işjeňleşdirmegiň hem-de dürli derejede ikitaraplaýyn duşuşyklary yzygiderli geçirmegiň zerurdygy aýratyn nygtaldy.

Türkmenistanyň we Eýranyň möhüm halkara hem-de sebit meseleleri boýunça özara gatnaşyklary barada hem durlup geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri iki ýurduň däp bolan dostluk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassykladylar.