Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde aprel aýy sagdynlygyň aýy hökmünde durmuşymyzda orun aldy. Saglyk bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr. Her ýyl ýurdumyzda 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni giňden bellenilip geçilýär. Halkymyzyň sagdyn bolmagy ugrunda ýadawsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimiz golaýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde möhüm Kararlara gol çekdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021-2025-nji ýyllar üçin meýilnamasynyň tassyklanmagy, şeýle hem «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmekde wajyp ähmiýete eýe boldy.
Magtymguly Pyragynyň «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun» diýip belleýşi ýaly, sagdyn ýaşamak ilki bilen biziň özümize bagly bolup durýar. Munuň üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek esasy ugurlaryň biridir. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak, saglygyňy berkidip durmak, arassaçylyk kadalaryny doly we dogry berjaý etmek sagdyn jemgyýetde sagdyn nesliň kemala gelmegi üçin ilkinji şertleriň biri hasaplanylýar.
Ýurdumyzda 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni giň gerimde bellenilip geçilýär. 1950-nji ýyldan bäri her ýyl 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni bellenilýär. Bu senäniň saýlanyp alynmagy tötänleýin däldir, hut 1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Tertipnamasy güýje girdi, häzirki wagtda dünýäniň 194 döwleti bu guramanyň agzasy bolup durýar.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň işjeň agzasy bolan biziň ýurdumyzda hem sagdyn durmuş ýörelgeleri giňden durmuşa ornaşdyrylýar. Ilatymyzyň sagdyn bolmagy, saglygyny dikeltmegi üçin ýurdumyzyň ähli ýerinde döwrebap şypahanalar hereket edýär.
Şypahana ulgamyny ösdürmek işi maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylan «Awaza», «Mollagara», «Arçman», «Ýyly suw», «Berzeňňi», «Bagabat», «Farap», «Baýramaly», «Daşoguz» şypahanalary saglygyny dikeltmäge gelýänlere ýokary derejede hyzmat edýär. Her bir ynsanyň saglygy onuň ýurdunyň baýlygy bilen deňelýär. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen saglyk ulgamyny ösdürmekde düýpli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap hassahanalardyr saglyk merkezleri we saglyk öýleri gurlup, ulanmaga berilýär.
Saglyk öýleri häzirki talabalaýyk enjamlar bilen üpjün edilýär. Şol enjamlar arkaly hem ilatyň saglygy goralýar. Her bir raýatyň saglygynyň ýurdumyzyň baş baýlygy, döwletimiziň gymmatlygy hökmünde ykrar edilmegi, bu babatda toplumlaýyn işleriň yzygiderli durmuşa ornaşdyrylmagy ugrunda alnyp barylýan işler döwlet Baştutanymyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň oňyn netijeleriniň biziň gündelik durmuşymyzda beýanyny tapýandygynyň nyşanydyr. Sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekde, sporty, bedenterbiýäni giňden ýaýbaňlandyrmakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň belent başy aman, il-ýurt bähbitli tutumlary elmydama rowaç bolsun!
Aýçemen NOBATOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.