Aziýanyň merjeni hasaplanýan paýtagtymyzda gurlan kaşaň binalar Aşgabadyň gözelligine gözellik goşýar. Paýtagtymyzdaky binalar ajaýyp binagärlik çözgütleri boýunça Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girýär we beýleki halkara baýraklara mynasyp bolýar. Şeýle baýraklaryň biri hem Ýewropa emläk baýragy (International Property Awards Europe) hasaplanýar. 26 ýyldan bäri gowşurylýan bu halkara baýraga mynasyp bolan dünýäniň iri şäherlerindäki özboluşly desgalar baradaky gysgaça maglumatlary size hödürleýäris.
Bagt köşgi: ägirt uly bina bolan toý dabaralary toplumy, 2011-nji ýylda ulanmaga berildi. Şäheriň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän bina dört tarapyndan seredeniňde Oguz hanyň sekizburçly ýyldyzyna gözüň düşýär. Ýer görnüşindäki togalagyň diametri 32 metr bolup, onuň daşky örtügi üçin ýagtylygy ýokary derejede serpikdirýän ýylmanak metal ulanylypdyr. Togalagyň ýüzünde Türkmenistanyň kartasy ýerleşdirilipdir. Bu karta Günüň nury düşende altyn çaýylan ýaly bolup, uzaklardan lowurdap görünýär. 11 gatly bina çüwdürimler we bezeg ösümlikleri bilen gurşalyp, platformanyň aşagynda 11 metr beýikliginde 300 ulaglyk ýapyk ýerasty duralga, aşhana, tehniki jaýlar, 500 we 1000 orunlyk 2 sany toý zaly, 22 sany myhmanhana otagy, kafeler bar. Bagt köşgi toý dabaralary toplumy taslamasy Ýewropa emläk baýraklary tarapyndan 2012-nji ýylda jemgyýetçilik binagärlik kategoriýasynda «Bäş ýyldyz» baýragyna, 2012-2013-nji ýyllar aralygynda geçirilen «European Property Awards» tarapyndan gowşurylýan baýraga eýe boldy.
«Mesa»: 2018-nji ýylda Türkiýäniň Stambul şäherinde durmuşa geçirilen taslama öz ugry boýunça bu baýraga mynasyp bolýar. Taslamanyň çäklerinde 6 gatdan 16 gata çenli bolan, dürli beýiklikdäki 4 ýaşaýyş jaýy bar. Ýaşaýyş amatlyklary has gowulandyrylan bu jaýlarda ikiden bäşe çenli otaglary bolan dürli ululykdaky 253 öý bar. Şol ýyl kompaniýanyň Ankarada 8 hem-de 35 gatly iki binasy hem bu baýraga mynasyp görüldi. «Mesa» kompaniýasynyň baýraklary garyşyk ulanyş taslamasy boýunça berildi. Bu ýerde ýaşaýyş jaýlary bilen bilelikde söwda nokatlary örän sazlaşykly utgaşdyrlypdyr. Dizaýny bilen tapawutlanýan binalar gurlan ýeriniň daşky gurşawy bilen hem sazlaşýar.
«Westfild Stratford»: Londonyň gündogarynda gurlan söwda merkezi 2011-nji ýylda bu baýraga mynasyp boldy. Birbada 150 müň müşderini kabul edip bilýän bina Ýewropanyň iň uly söwda merkezi hasaplanýar. Bu ýerde 300-den gowrak dükan, restoran, Ýewropanyň iň uly we iň täze innowasion kinoteatrlaryndan biri bolan «Vue Cinema»-nyň 14-si, üç myhmanhana, bouling meýdançasy bar. Söwda merkezinde dünýä belli brendleriň onlarçasynyň dükanlary ýerleşýär. Söwda merkezinde islendik harydy tapmak bolýar.
«Newa Towers»: Moskwadaky adybir derýanyň golaýyndaky «Moskwa siti» toplumyndaky «Newa Towers» taslamasy, esasan, rus we hytaýly maýadarlar tarapyndan 1,2 milliard dollar maýa goýum bilen amala aşyryldy. Halkara eminler topary tarapyndan geçirilen baha berlişigiň netijesinde «Newa Towers» ABŞ, Dubaý, Gonkong, Awstraliýa ýaly ýerlerden gatnaşýan köp sanly taslamadan ozduryp, «Köp gatly jaý taslamasy» ugry boýunça baýraga mynasyp boldy.
Aýsoltan Uraýewa,
Türkmen döwlet medeniýet we sungat
mekdebiniň mugallymy.