Brendlere baha berýän “Brand Finance” her ýyl taýýarlaýan “Apperal 50” sanawyny ýaýratdy. Bu sanawa dünýäniň bazar nyrhy gymmat bolan egin-eşik öndürýän brendleriň 50-si girizilýär. Ýedi ýyldan bäri sanawyň başyny eýeläp gelýän “Nike” ýene-de birinji boldy. Geçen ýyl dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar käbir pudaga oňaýsyz täsirini ýetiren hem bolsa, birnäçe pudak has ýokary girdeji gazandy. Maglumatlar egin-eşik öndürýän kompaniýalaryň girdejisiniň birneme pese gaçandygyny görkezýär. “Nike” kompaniýasy 30,443 milliard dollarlyk bazar nyrhy bilen öňdeligi eýeläpdir. Geçen ýyl bu görkeziji 34,792 milliard dollar bolan eken. Ikinji ýeri eýelän “Gucci”-niň bazar nyrhy 15,599 milliard dollar bolupdyr. Üçünji ýeri “Louis Vuitton” (14,858 milliard dollar) alypdyr. “Nike”-yň iň uly bäsdeşi hasaplanýan “Adidas” (14,342) dördünji bolupdyr. “Victoria’s Secret”-iň gymmaty soňky bir ýylyň dowamynda 22 göterim pese gaçyp, 4,2 milliard dollar bolupdyr. Sanawdaky käbir brendler bolsa girdejisini ep-esli ýokarlandyrmagy başarypdyr. Geçen ýylky sanawyň soňky basgançagynda özüne orun tapan “Fila”-nyň gymmaty 68 göterim artyp, 2,7 milliard dollar bolupdyr. Şeýlelikde kompaniýa 33-nji orna çykypdyr.

Geçen ýyl bu ugurda iş alyp barýan 50 kompaniýanyň gymmaty umumy bazar nyrhy 301,9 milliard bolan bolsa, bu ýyl 8 göterim azalyp, 276,4 milliard dollara düşüpdir.