Dünýäniň öňdebaryjy habarlar agentlikleriniň biri bolan Angliýanyň “Reuters” habarlar agentliginiň general direktory wezipesine italiýaly Alessandra Galloni bellener. Ol 170 ýyllyk habarlar agentliginiň taryhynda bu wezipäni ýerine ýetirjek ilkinji zenan hökmünde taryha girer. 47 ýaşyndaky Galloni bu barada: “Ukyply, özüni žurnalistika bagyş eden we şöhle saçýan žurnalistlerden doly, iň ýokary derejeli habar býurosyna ýolbaşçylyk etmek meni diýseň tolgundyrýar” diýip, beýanat berdi. “Reuters”-iň başlygy Stiw Hasker bolsa: “Galloniniň dünýäniň tarapsyz žurnalistika hemişekilerden has köp mätäçlik duýýan şu günlerinde bu işiň hötdesinden geljekdigine ynanýarys” diýip, aýtdy. Italýan, ispan, iňlis we fransuz dillerini bilýän Galloni 13 ýyldan bäri “Reuters”-de işläp gelýär. Ilki bilen agentligiň italýan dilindäki habarlar bölüminde, soňra-da Gündogar Ýewropa býurosynda işlän Galloni ykdysady ugurlar boýunça “Wall Street Journal” bilen bilelikde iş alyp bardy.

1851-nji ýylyň oktýabr aýynda Londonda esaslandyrylan “Reuters” dünýäniň iň bitarap habarlar agentligi hökmünde görülýär. Ýer şarynyň 200 nokadynda ofisi bolan agentligiň häzirki wagtda ABŞ-nyň “Bloomberg News”, “Associated Press”, Fransiýanyň AFP, esasan surat we wideo paýlaýjysy bolup çykyş edýän “Getty Images” ýaly habarlar agentlikleri esasy bäsdeşleri hasaplanýar.