«Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak üçin ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply milli programma üpjünçiliginiň işlenip düzülmegini kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem 2021-nji ýylyň 16-njy martynda hormatly Prezidentimiziň Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyş bolanda raýatlarymyzyň ýaşamagy üçin has oňaýly «smart siti» – «akylly şäher» bilen baglanyşykly tehnologiýalary ösdürmekde ýurdumyzyň bilim ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini aýratyn nygtap geçmegi bilen bagly öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilelikde «Sanly innowasiýalar» atly ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça bäsleşik yglan etdi.
Ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça yglan edilen «Sanly innowasiýalar» atly bäsleşik 2021-nji ýylyň 13-15-nji aprelinde «Sanly çözgüt IT-meýdança» hojalyk jemgyýetiniň binasynda geçirildi.
«Innowasion şäher», «Sanly bilim», «Söwda we hyzmatlar ulgamy boýunça IT-taslamalar», «Ýörite ugur», «Maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlyk» atly bäş sany tematik ugurlara bölünip geçirilýän bu bäsleşige ýurdumyzyň mekdep okuwçylary, başlangyç, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, magistrantlar, ýaş alymlar (aspirantlar, dalaşgärler) 125 sany taslama we programma üpjünçilikleri bilen gatnaşdylar. Bäsleşige hödürlenýän programma üpjünçilikleriniň, taslamalaryň Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web-saýty bolan «education.gov.tm» saýtynda hasaba alnandygyny bellemeli.
Häzirki döwürde «akylly» şäher, «akylly» öý ýaly düşünjeleriň barha işjeň häsiýete eýe bolýandygyny nazara alyp, «akylly» şäherler Konsepsiýasyny ösdürmek maksady bilen ýaşlaryň arasynda täze programma işläp taýýarlamalar işjeň ýerine ýetirilýär. «Akylly» şäherler Konsepsiýasynyň öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we internet serişdeleriniň sazlaşygyna esaslanýandygyny bellemelidiris. Şolaryň kömegi bilen şäher düzümleriniň we gulluklarynyň dolandyrylmagyny, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün edýän bitewi ekologiýa ulgamy döredilýär. Bu Konsepsiýa tutuş ulgamlary özüne birleşdirýär, mysal üçin, «akylly» jaýlar, bitewi maglumatlar binýady hem-de köpugurly şäher goşundysy ýaly ulgamlary öz içine alýar. Olar ýaşaýjylara taksileri çagyrmaga, tölegleri amala aşyrmaga, dürli maglumatlary almaga mümkinçilik berýär.
Ýeňijiler dabaraly ýagdaýda diplomlar, hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy. Ýeňijileriň işlerini önümçilige ornaşdyrmak üçin taslamalar ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna hödürlenilýär.
Hajymämmet NYÝAZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Howa ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň mugallymy