Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça maslahatynyň (UNCTAD) çap eden nobatdaky maglumatnamasyna görä, gönüden-göni maýa goýumlaryny çekmek babatda Hytaýyň öňde barýandygy mälim edildi. Bu hasabatdan görnüşi ýaly, Hytaý daşary ýurt maýalaryny iň köp çeken ýurt hökmünde birinji orny eýeläp, bu ugurda ABŞ-dan ozdurdy.
Hytaýyň Täjirçilik ministrliginiň maglumatyna laýyklykda, 2020-nji ýylda Hytaýda daşary ýurt maýalarynyň ulanylmagynyň möçberi 999,98 milliard ýuana (152,87 milliard dollar) deň boldy. Hytaý soňky ýyllarda köp sanly ýurduň iri söwda hyzmatdaşy boldy. Hytaýyň bazary özüneçekijiligi bilen tapawutlanýar. Mundan başga-da, Hytaý dünýädäki iň uly eksport ediji ýurt bolup, doly önümçilik zynjyry ulgamyna eýedir.
Daýançgeldi BEKDURDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.