«IDC» kompaniýasy tarapyndan geçirilen barlaglardan soňra 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde iň köp kompýuter satan kompaniýalaryň sanawy belli boldy. Soňky ýyllarda «akylly» telefonlaryň giňden ýaýramagy bilen kompýuter satyn alýanlaryň sany azalypdy.
Emma dünýäde dowam eden ýagdaýa görä, kompýuterleriň söwdasy täzeden ýokarlandy. Häzirki wagtda dünýäde 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde Hytaýyň «Lenovo» kompaniýasy 20 müň 401 sany kompýuter satyp, sanawda birinji orny eýeledi. «HP» kompaniýasynyň söwdasy 19 müňden gowrak bolup, bu babatda 64,1 göterim ösüş gazanyp, sanawda 2-nji orny eýeledi. «Dell» kompaniýasy bolsa birinji çärýekde 12 müňden gowrak kompýuter satyp, bazardaky paýyny 15,4 göterime ýetirdi we sanawda 3-nji orna çykdy.
Umuman, hasabat döwründe tutuş dünýäde jemi 83 müň 981 kompýuter satyldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 54 müň 123-e deň bolupdy.
Aşyrmyrat ÖWEZMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.