Bilermenler bananlaryň ýok bolup gitmek howpunyň bardygyny belleýärler. Ösümligiň bu görnüşiniň ýokançly toprak keselinden ejir çekýändigi bellenilýär. Bu kesel ХХ asyryň başlaryndan bäri bellidir. Ýöne ol soňky wagtda Aziýa we Afrika ýurtlarynda giňden ýaýrap, 2019-njy ýylda Günorta Amerika hem aralaşdy. Günorta Amerika bananyň iň köp eksport edilýän sebitidir. Bu sebitden dünýäniň ähli ýerlerine banan eksporty amala aşyrylýar.
Kolumbiýada we Gondurasda banan önümçilik meýdanlarynda bu keseliň öňüni almak üçin degişli çäreler geçirilýär. Bütindünýä banan söwdasynyň 95%-ini emele getirýän «Cavendish» görnüşiniň ejir çekýändigi bellendi.
Alymlaryň aýtmagyna görä, tebigatda bananyň «Cavendish» ýaly köp hasyl berýän görnüşi ýokdur. Mundan başga-da Aziýanyň, Afrikanyň we Amerikanyň köp ýurtlarynda bu miwe gündelik iýmit hökmünde giňden peýdalanylýar. Banan şol ýurtlarda ýeralma we tüwi ýaly möhümdir.
Halylgeldi MYRATLYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.