Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň iň ajaýyp miweleriniň biri döwletimiziň resmi hukuk ýagdaýy we daşary syýasatymyzyň baş ugry hökmünde saýlap alan Bitaraplyk ýoludyr. Türkmen Bitaraplygy halkara-hukuk tejribesinde täze ýagdaý bolup, hyzmatdaşlygyň we ählumumy parahatçylygy gazanmagyň täze binýadyna öwrüldi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakyndaky Rezolýusiýany biragyzdan kabul etdi. Bitarap Türkmenistanyň birnäçe gezek Baş Assambleýanyň mejlisiniň, şol sanda 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji we 71-nji mejlisleriniň wise-başlyklygyna saýlanmagy, bu iri halkara Guramasynyň abraýly düzümlerine we ykdysady edaralaryna köp gezek saýlanmagy döwletimiziň dünýä giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýandygyna şaýatlyk edýär. Geçen ýylyň iýun aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly Rezolýusiýa biragyzdan gaýtadan kabul edildi. Dünýäniň 47 döwleti bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Rezolýusiýada Türkmenistanyň Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen oňyn başlangyçlary goldanylýar.
Türkmenistanyň Ýaşulularynyň geçen aýda geçirilen maslahatynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşinde bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň täze, aýratyn maddada beýan edilmegi aýratyn bellärliklidir. Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Rezolýusiýasyny öz Esasy Kanunynda beýan eden ýeke-täk döwletdir. Beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmazlyk we harby birleşmelere goşulmazlyk, sebitiň ýurtlary we bütin dünýäniň döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam bermek ýaly daşary syýasatymyzyň möhüm ýörelgeleriniň Konstitusiýamyzda beýan edilmegi buýsandyryjydyr.
Türkmenistanyň 2016-njy ýylyň 14-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanmagy, özi-de bu uly hormata indi bäşinji gezek mynasyp bolmagy, BMG-niň ulgamyna giňden çekilmeginiň sebitleýin we ählumumy meseleleri çözmekde tutýan uly ornuna şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň 71-nji mejlisde ileri tutýan garaýyşlary alty bölümden ybaratdyr. Şol bölümleriň ilkinjisi “Parahatçylyk we howpsuzlyk” diýlip atlandyrylýar. Bu bölüme halkara terrorçylygyň, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň garşysyna göreş alyp barmak, ýaragsyzlanmak, halkara hukugynyň ornunyň pugtalandyrylmagy ugrunda tagallalaryň edilmegi ýaly ençeme meseleler girýär. Türkmenistan öz garaýyşlarynda mundan beýläk hem terrorçylyk howpuna garşy durmak boýunça bilelikdäki halkara tagallalara özüniň saldamly goşandyny goşjakdygyny, degişli düzümleri bilen bilelikde neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy, adam söwdasyna garşy göreş ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň anyk taslamalarynyň işlenip taýýarlanylýandygyny mälim etdi.
Türkmenistan dünýäde ykdysady işjeňligiň artmagyna ýardam etmek maksady bilen, dürli sebit we sebitara ulag-üstaşyr ýollaryny döretmek işini çaltlandyrmaga ýardam etjekdigini mälim edýär. BMG-niň agzasy bolan döwletleri hem-de halkara guramalary 2016-njy ýylyň 26—27-nji noýabrynda Aşgabatda boljak Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyň işine gatnaşmaga çagyrýar.
Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, ekologiýa meselelerinde we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmakda hyzmatdaşlyk, ynsanperwer meseleler ýaly ugurlara uly orun berilýär. Olarda Türkmenistanyň dünýäniň energetika giňişliginde tertibiň umumy kabul edilen düzgünleriniň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge gönükdirilen täze halkara-hukuk usulyny işläp taýýarlamak boýunça halkara bilermenler toparynyň işine ýardam etmegi dowam etjekdigini, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekde ozal başyny başlan, sebit we halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge hem-de hyzmatdaşlygyň usullaryny döretmäge gönükdirilen anyk tekliplerini amala aşyrmak boýunça çäreleri amala aşyrmagyny dowam etdirjekdigini, BMG-niň adam hukuklary we azatlyklary baradaky esasy Konwensiýalaryny hem-de beýleki köptaraplaýyn halkara namalaryny gyşarnyksyz berjaý etmäge ygrarlydygyny, ynsanperwer ulgamda anyk hereketleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklaýar.
Mukaddes ýurt Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna durmuşyň ähli ugurlarynda uly üstünlikler bilen barýan Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde tutuş adamzady tolgundyrýan meseleler boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdi. Şol başlangyçlar häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça halkara derejeli gepleşikleri çaltlaşdyrmaga badalga berer. Döwletleriň we halkara guramalaryň gatnaşmagynda sebitleýin we ählumumy hyzmatdaşlygyň has täsirli ýollarynyň döremegine, umuman, üçünji müňýyllygyň ählumumy maksatlaryna ýetmek işine saldamly ýardam eder.
Goý, ählumumy durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ugrunda döredijilikli başlangyçlary öňe sürýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Zülfiýa Tüýebaýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.