Mä­lim bol­şy ýa­ly, şu ýy­lyň sent­ýabr aýy­nyň 14-in­de ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da mö­hüm äh­mi­ýe­ti eýe­le­ýän Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň no­bat­da­ky mas­la­ha­ty­nyň ge­çi­ril­me­gi Mi­ra­sa sar­pa goý­mak, Wa­ta­ny öz­gert­mek ýy­ly­nyň ýe­ne bir tä­ze ta­ry­hy sa­hy­pa­sy­ny dö­ret­di. On­da Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi ka­bul edil­di. Soň­ky ýyl­lar­da Esa­sy Ka­nu­ny­my­zy – Kons­ti­tu­si­ýa­my­zy kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ýur­du­myz­da de­mok­ra­tik ka­da­la­ryň giň­den dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Çuň­ňur hor­mat­lan­ýan Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň mas­la­ha­tyn­da söz­län çuň ma­ny­ly sö­zün­de Kons­ti­tu­si­ýa­my­zyň re­je­le­nen gör­nü­şi­niň maz­mu­ny­na gi­ňiş­le­ýin sel­jer­me ber­mek bi­len, döw­le­ti­mi­ziň Ga­raş­syz­ly­gy, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy, onuň hu­kuk, dün­ýe­wi we de­mok­ra­tik hä­si­ýe­ti ba­ra­da­ky düz­gün­le­ri­niň üýt­gew­siz gal­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn nyg­ta­dy. Esa­sy Ka­nu­nyň 24-si tä­ze mad­da bo­lup, mad­da­la­ryň 4-sin­de bol­sa he­re­ket ed­ýän ka­da­lar re­je­le­nen gör­nüş­de be­ýan edil­di. Esa­sy Ka­nu­ny­my­zyň üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­ri­zi­len 107 mad­da­ny we tä­ze gi­ri­zi­len 1 bö­lü­mi öz içi­ne al­ýan­dy­gy bel­le­nil­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi­niň ka­bul edil­me­gi ha­ky­ky halk hä­kim­ýet­li­li­gi ýö­rel­ge­le­ri­niň mi­ze­mez­li­gi­ni şöh­le­len­dir­ýän ta­ry­hy wa­ka hök­mün­de jem­gy­ýe­ti­miz­de uly ses­len­me dö­ret­di. Mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň dö­re­di­ji­lik­li ösü­şi­niň hu­kuk ul­ga­my, tä­ze ta­ry­hy döw­rü­mi­ziň düýp­li dur­muş-yk­dy­sa­dy we de­mok­ra­tik öz­gert­me­ler ýo­lu­nyň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy bo­lup dur­ýan Kons­ti­tu­si­ýa­my­zyň re­je­le­nen gör­nü­şi­niň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň XXV ýyl­ly­gy­nyň da­ba­ra­ly bel­le­nil­me­gi­niň öň ýa­nyn­da ka­bul edil­me­gi hem uly ma­ny-maz­mu­na eýe­dir.
Ga­raş­syz ösü­şiň çär­ýek asyr ta­ry­hyn­da ýur­du­myz­da ga­za­ny­lan ne­ti­je­ler, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň gör­ke­zi­ji­le­ri, tä­ze pu­dak­la­ryň dö­re­dil­me­gi, se­na­ga­tyň ös­me­gi, döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň dür­li ugur­la­ry­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça uzak möh­let­le­re gö­nük­di­ri­len iri, mil­li mak­sat­na­ma­la­ryň ka­bul edil­me­gi we tap­gyr­la­ýyn ama­la aşy­ryl­ma­gy bi­len bi­le­lik­de de­mok­ra­tik ka­da­lar hem jem­gy­ýe­ti­mi­ze giň­den or­naş­dy­ryl­dy. Ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk hem öňe git­me­gi­ni üp­jün ed­ýän dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­ri mil­li ka­nun­çy­ly­gy­myz­da ber­kit­mek, sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we hu­kuk ul­gam­la­ry­nyň ösüş ugur­la­ry­ny dün­ýä tej­ri­be­sin­de eme­le ge­len ýag­daý­la­ra la­ýyk ge­tir­mek ýa­ly mak­sat­lar Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­ny kä­mil­leş­dir­mek we­zi­pe­si­ni ýü­ze çy­kar­dy. Döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän tä­ze kons­ti­tu­si­on ýö­rel­ge­le­ri we ka­da­la­ry özün­de jem­le­ýän Kons­ti­tu­si­ýa­myz bu gün bi­ziň her bi­ri­mi­ziň buý­san­jy­myz­dyr.
Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da eme­le ge­len we ös­ýän mil­li ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, dur­muş we me­de­ni hu­kuk­la­ry­ny do­ly möç­ber­de üp­jün ed­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni Esa­sy Ka­nu­ny­my­zyň re­je­le­nen gör­nü­şi­niň 56-njy mad­da­syn­da­ky “Her bir ada­myň me­de­ni dur­mu­şa gat­naş­ma­ga, çe­per, yl­my we teh­ni­ki dö­re­di­ji­li­giň er­kin­li­gi­ne hu­ku­gy bar­dyr. Ada­myň yl­my-teh­ni­ki dö­re­di­ji­lik­de, şeý­le hem çe­per­çi­lik, ede­bi­ýat we me­de­ni­ýet işin­de aw­tor­lyk hu­kuk­la­ry hem-de bäh­bit­le­ri ka­nun bi­len go­ral­ýar. Döwlet ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösdürilmegine ýardam edýär” diýen kadalar doly tassyklaýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­z “Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ada­myň we ra­ýa­tyň hal­ka­ra hu­ku­gyň iň ýo­ka­ry öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän, umu­my yk­rar edi­len hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň berk hu­kuk bin­ýa­dy dö­re­di­len­dir” di­ýip, jaý­dar bel­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­tyn­da Kons­ti­tu­si­ýa­my­zy kä­mil­leş­dir­me­giň esa­sy ugur­la­ry­ny sel­jer­mek bi­len, “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen baş şy­ga­ryň Esa­sy Ka­nu­ny­my­zyň ka­da­la­ry­na or­naş­dy­ry­ly­şy­na aý­ra­tyn üns ber­di. Mu­nuň özi adam hu­kuk­la­ry­ny ile­ri tut­ma­gyň we ka­nu­nyň hök­mü­ro­wan­ly­gy­na hor­mat goý­ma­gyň, hal­kyň we­kil­le­ri bi­len döw­rü­mi­ziň wa­jyp we­zi­pe­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gyň aý­dyň nus­ga­sy­dyr. Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da ka­bul edi­len Esa­sy Ka­nu­ny­myz hal­ky­my­zyň me­de­ni­ýe­ti­niň iň be­ýik ga­za­nan­la­ryn­dan gö­nez­li­gi­ni alyp gaýd­ýan yn­san­per­wer tag­ly­mat bol­mak bi­len, ýur­du­my­zyň her bir ra­ýa­ty­ny ta­ry­hy be­lent­li­ge gö­ter­ýär. Ola­ryň mer­te­be­si­ne uly sar­pa goý­ýar, ukyp­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ni, hu­kuk­la­ry­nyň we azat­lyk­la­ry­nyň ber­jaý edil­me­gi­ni, dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­me­gi döw­le­tiň sy­ýa­sy ýö­rel­ge­si­ne öwür­ýär!

Aý­na Py­ga­mo­wa,
Le­bap we­la­ýat ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy or­ta hü­när okuw mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.