Hal­ky­my­zyň sag­dyn, bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin äh­li şert­le­ri dö­ret­mek hor­mat­ly Preziden­ti­mi­ziň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry bo­lup dur­ýar. Sag­ly­gy go­ra­mak­da, ber­kit­mek­de spor­tuň, be­den­ter­bi­ýä­niň äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr. Şo­nuň üçi­nem ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş hem-de sport ul­gam­la­ry­ny ösüş­le­re bes­le­mek üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär.
Ýa­kyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Ka­ra­ry bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi­niň we ony ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li çä­re­le­riň 2021–2025-nji ýyl­lar üçin me­ýil­na­ma­sy­nyň tas­syk­la­nyl­ma­gy sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň düýp­gö­te­r öz­ger­dil­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­lary ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da hal­ky­my­za edil­ýän ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­niň has-da ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy üçin köp iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Mu­ňa go­laý­da ila­ta gaý­ra­go­ýul­ma­syz tiz kö­mek ber­mä­ge ni­ýet­le­ni­lip, ýur­du­my­za ge­ti­ri­len luk­man­çy­lyk mak­sat­ly «AN­SAT» ky­sym­ly tä­ze di­ku­çar hem aý­dyň su­but­na­ma bol­up dur­ýar. Şeý­le hem ýur­du­myz­da sag­lyk ul­ga­myn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­lere buý­san­ma­ga hak­ly­dy­rys. Ýur­du­myz­da nä­sag­da böw­rek ça­lyş­mak bo­ýun­ça il­kin­ji ope­ra­si­ýa­nyň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi, mu­nuň hem ýer­li hü­när­men­le­ri­miz ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ma­gy mil­li sag­lyk ul­ga­my­my­zyň tä­ze üs­tün­li­gi­dir.
Hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak we ber­kit­mek mak­sa­dy bi­len, ýur­du­myz­da he­re­ket ed­ýän «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň, şeý­le hem ýo­kanç däl ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, ça­ga­nyň ir­ki ösü­şi­niň we ony mek­de­be taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça de­giş­li döw­let we mil­li mak­sat­na­ma­la­ryň, şo­nuň ýa­ly-da, «Ýo­kanç däl ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak we ola­ryň gar­şy­sy­na gö­reş­mek bo­ýun­ça Aş­ga­bat Jar­na­ma­sy­nyň», «Türk­me­nis­ta­nyň ila­ty­nyň sag­dyn iý­mit­len­me­gi bo­ýun­ça 2020–2025-nji ýyl­lar üçin Mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň» çäk­le­rin­de mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Ila­tyň sag­dyn iý­mit­len­me­gi ug­run­da edil­ýän ala­da­la­ryň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de gök we bak­ja önüm­le­ri­ni ýe­tiş­dir­mek üçin daý­han­la­ra uzak möh­let­le­ýin ýer bö­lek­le­ri­niň bö­lü­nip be­ril­me­gi bi­len ýe­ral­ma­nyň, gök we bak­ja önüm­le­ri­niň, mi­we­le­riň bol ha­sy­ly ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Ön­dü­ril­ýän ha­sy­ly uzak möh­let­de za­ýa­la­man, ter­li­gi­ne sak­la­mak üçin äh­li we­la­ýat­lar­da so­wa­dy­jy am­mar­lar gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­di. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de bol­sa, ak ba­zar­la­ry­myz­da ýy­lyň is­len­dik möw­sü­min­de azyk bol­çu­ly­gy dö­re­dil­di. Ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de aras­sa agyz su­wu­ny ön­dür­ýän des­ga­la­ryň gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­me­gi do­wam et­di­ril­ýär.

Gül­şat KA­DY­RO­WA,
Bal­kan luk­man­çy­lyk or­ta okuw mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.