Islendik döwürde hem saglygymyz üçin wagtly-wagtynda dogry naharlanmaga ähmiýet berilmeli. Sebäbi bedendäki nähoşluklaryň köpüsi iýmitlenmek bilen bagly ýüze çykýar. Lukmanlar dowam edýän oraza aýynda hem muňa ähmiýet berilmelidigine ünsi çekýärler. Agzaçarda we selälikde bedeniň immunitetine oňaýsyz täsir edýän şeker, gaýtadan işlenen et önümleri ýaly taýýar iýmitler, gazly içgiler maslahat berilmeýär. Bu döwürde iýmitlilik kuwwaty ýokary bolan iýmitler iýilmeli. Agzaçar biraz uzaga çekmeli, haýal iýilmeli. Ilki suw içilmeli, suwuk nahar iýilmeli. Soňra 10-15 minutdan soňra ikinji nahar iýilmeli. Saçakda gök önümlerden, otlardan taýýarlanan işdäaçarlar, kösükli ekinleriň hasylyndan taýýarlanan naharlar bolmaly. Etli naharlar çorba görnüşinde haýal otda uzak wagt gaýnadylyp taýýarlanmaly. Çaý, kofe nahardan 1-2 sagat geçenden soňra içilmeli. Çaýyň ýany bilen az mukdarda süýji önümlerini hem iýip bilersiňiz.
Agyz beklenjek bolsa, selälige turmagy hem unutmaň! Seläligiň wagty hem edil agzaçar ýaly uzaga çekmeli. 40-45 minutda ýuwaş-ýuwaşdan iýlip-içilmeli. Selälikde gündiz sizi suwsatjak duzly, ýagly naharlar iýilmeli däl. Öýde taýýarlanan çorba, dürli gök önümlerden taýýarlanan işdäaçarlar, gury ir-iýmişler, gaýnadylan ýumurtga, duzsuz peýnir ýaly iýmitler iýilmeli.
Bahargül LaLlykowa,
«Ahaltelekom» WEAK-nyň Babadaýhan etrap bölüminiň kiçi beket hünärmeni.