Her ýy­lyň ap­rel aýy­nyň üçün­ji şen­be­sin­de dün­ýä­niň sirk jem­gy­ýe­ti we sun­ga­tyň bu gör­nü­şi­niň muş­dak­la­ry Bü­tin­dün­ýä sirk gü­nü­ni bel­le­ýär­ler. Bu baý­ram­çy­lyk di­ňe bir sir­ki äh­li aja­ýyp­ly­gy bi­len gör­kez­mek we bu sun­gat muş­dak­la­ry­ny tä­ze prog­ram­ma­lar we çy­kyş­lar bi­len be­gen­dir­mek bi­len çäk­len­män, sirk sun­ga­ty­nyň me­de­ni­ýe­te go­şan go­şan­dy­ny gör­kez­mek mak­sa­dy bi­len dö­re­dil­di. Ga­ly­ber­se-de, sir­ki di­ňe bir ça­ga­lar däl, eý­sem, ulu­lar hem dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­de go­wy gör­ýär­ler.
Bu baý­ram­çy­lyk 2009-njy ýyl­da Ýew­ro­pa­nyň sirk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň hem-de Bü­tin­dün­ýä sirk fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň baş­lan­gy­jy bi­len dö­re­dil­di. Şeý­le­lik­de, bu baý­ram­çy­lyk 2010-njy ýyl­dan bä­ri her ýyl bel­le­ni­lip ge­lin­ýär.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, Bü­tin­dün­ýä sirk fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň mer­ke­zi eda­ra bi­na­sy Mon­te-Kar­lo­da ýer­le­şip, ol hem 2008-nji ýyl­da tu­tuş dün­ýä­de sirk sun­ga­ty­ny we me­de­ni­ýe­ti­ni ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len dö­re­dil­di. 2008-nji ýyl­da il­ki­baş­da Ýew­ro­pa­nyň sirk gü­ni dö­re­dil­di we soň­ra ol hal­ka­ra de­re­je­si­ne çy­ka­ry­lyp, Bü­tin­dün­ýä sirk gü­nü­ne öw­rül­di. Hä­zir­ki wagt­da ÝU­NES­KO bi­len bi­le­lik­de bu baý­ram­çy­ly­gy hal­ka­ra baý­ram­çy­lyk­la­ryň sa­na­wy­na goş­mak ba­bat­da iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Sirk – sun­ga­tyň iň ga­dy­my gör­nüş­le­ri­niň bi­ri ha­sap­la­nyl­ýar. Ýö­ne hä­zir­ki gör­nüş­dä­ki sirk XVIII asy­ryň ahy­ryn­da peý­da bol­dy. Ony esas­lan­dy­ry­jy iň­lis ça­pyk­su­wary Fi­lip Ast­leý bo­lup­dyr.

Nu­ra­na SE­ÝI­DO­WA,

S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.