Ýurdumyzda Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň il­kin­ji gün­le­rin­den baş­lap, halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ryn­da giň ge­rim­li öz­gert­me­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Ne­ti­je­de, il­kin­ji se­na­gat kär­ha­na­la­ry gu­rul­dy we oňyn yk­dy­sa­dy ösüş­ler ga­za­nyl­dy. Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan dün­ýä döw­let­le­ri we hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­dy hem-de ola­ryň bir­nä­çe­si­niň ag­za­sy bol­dy. Mu­nuň özi Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra de­re­je­sin­de ga­za­nan aja­ýyp üs­tün­li­gi­dir, hal­ky­my­zyň pa­ra­hat­çy­ly­ga esas­lan­ýan ta­ry­hy ýo­lu­nyň giň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de yk­rar edil­me­gi­dir.
Hal­ky­my­zyň buý­san­jy­na bes­le­nen bu üs­tün­lik­ler Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da, aý­ra­tyn-da, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de has ro­waç­lan­dy. Bu bag­ty­ýar döw­ri bi­ze Gahryman Arkadagymyz peş­geş ber­di. Öz no­ba­tyn­da, bu­la­ryň äh­li­si döw­let ber­ka­rar­ly­gy­nyň – mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň mi­we­le­ri­dir.
Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my türk­men hal­ky­myz üçin mu­kad­des­lik de­re­je­si­ne eýe bo­lan mil­li baý­ram­la­ryň bi­ri­dir. Hormatly Prezidentimiz Ga­raş­syz­lyk ata-ba­ba­la­ry­my­zyň be­ýik ta­ry­hy mi­ra­sy­nyň, me­de­ni­ýe­ti­niň, däp­le­ri­niň, dün­ýä­ga­raý­şy­nyň hem-de dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň, mil­li­li­ge, yn­san­per­wer­li­ge we ýag­şy­ly­ga ýug­ru­lan mil­li baý­ram­la­ry­my­zyň göz­ba­şy­nyň te­reň­li­gi­dir, mü­di­mi­li­gi­dir di­ýip bel­le­ýär. Bu baý­ram hal­ky­my­zyň üs­tün­lik­le­ri­niň yl­ham çeş­me­si­dir. Ga­raş­syz­lyk hal­ky­my­zyň geç­mi­şi­ni, şu gü­nü­ni we gel­je­gi­ni berk bag­la­ýan dü­şün­je­dir. Ol ata-ba­ba­la­ry­my­zyň en­çe­me asyr­lap öz­baş­dak döw­let gur­mak ha­kyn­da eden ar­zuw-is­leg­le­ri­niň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­si­dir.
Bu gün­ki gün Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 30 ýy­ly­nyň için­de ýur­du­myz­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­re hal­ky­myz tüýs ýü­rek­den buý­san­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len, ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de gu­rul­ýan döw­re­bap bi­na­lar­da we des­ga­lar­da ila­tyň ýa­şa­ma­gy, bi­lim al­ma­gy, zäh­met çek­me­gi we dynç al­ma­gy üçin müm­kin­çi­lik­le­riň ýo­la go­ýul­ma­gy Gahryman Arkadagymyzyň halk bäh­bit­li iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän­di­gi­ne aý­dyň my­sal bo­lup, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň eş­re­ti­ni gör­kez­ýär.
Ga­raş­syz­ly­gyň hö­zi­ri­ni gö­rüp ýa­şa­ýan türk­men hal­ky­myz ga­zan­ylýan üs­tün­lik­le­re buý­san­ýar. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de do­wam ed­ýän yk­dy­sa­dy kyn­çy­lyk­la­ra ga­ra­maz­dan, ýur­du­myz­da iri se­na­gat we dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň, şol san­da tä­ze şä­her­çe­le­riň, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, dynç alyş hem-de sa­gal­dyş mer­kez­le­ri­niň, mek­dep­le­riň­dir ça­ga­lar bag­la­ry­nyň we baş­ga-da bir­nä­çe des­ga­la­ryň gur­lu­şyk­la­ry do­wam ed­ýär.
Ge­çen hep­de-de ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň san­ly ul­gam ar­ka­ly mej­li­sin­de çy­kyş eden mil­li Li­de­ri­miz Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň ýu­bi­le­ýi her şä­her­de, her oba­da gur­lan äh­li tä­ze bi­na­lar we des­ga­lar bi­len ýat­da gal­ma­ly­dyr di­ýip bel­le­di. Şo­nuň üçin hem ýur­du­my­zyň äh­li ýe­ri­ne bu şan­ly baý­ram­çy­ly­ga ulu­dan taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Dür­li mak­sat­ly bi­na­la­ryň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi di­ňe bir ýur­du­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­ny ala­mat­lan­dyr­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk­ki ösüş­le­ri­ne hem öz­bo­luş­ly iter­gi be­ri­ji güýç bo­lup hyz­mat eder.
Şu ýy­lyň Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» diý­len aja­ýyp şy­ga­ra bes­len­me­gi hal­ky­my­zyň has hem joş­gun­ly zäh­met çek­me­gi­ne, ýur­du­my­zyň bol­sa ösüş­le­riň tä­ze sepgitlere ýetmegine iter­gi ber­ýär. Bu ta­ry­hy ýyl­da Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­nyň, gö­zel paý­tag­ty­myz Aş­ga­ba­dyň esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň 140 ýyl­ly­gy­nyň da­ba­ra­ly bel­le­nil­me­gi bol­sa türk­men hal­ky­ny has-da buý­san­dyr­ýar.
Ýur­du­my­zy äh­li ba­bat­da gül­le­dip ös­dür­mek­de, hal­ky­my­zyň ag­zy­bir, asu­da ýa­şa­ma­gy, şeý­le-de sag­dyn bol­ma­gy ug­run­da bir­nä­çe mak­sat­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýän hor­matly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak, il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Gur­ban­gel­di HAÝ­DA­ROW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.