Bank ul­ga­my­ny ös­dür­mek milli Liderimiziň yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­sy­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Hä­zir­ki wagt­da ber­ke­ýän ba­zar gat­na­şyk­la­ry­nyň we giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň şert­le­rin­de bank­la­ryň yg­ty­bar­ly­ly­gy­ny we dur­nuk­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge «Türk­me­nis­ta­nyň bank ul­ga­my­ny 2011-2030-njy ýyl­lar­da ös­dür­me­giň Döw­let mak­sat­na­ma­sy» uly go­şant goş­ýar.
Hä­zir­ki za­man bank dü­züm­le­ri bu iş­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne la­ýyk gel­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň bank­la­ry­nyň köp bö­le­gi hem-de ola­ryň şa­ham­ça­la­ry öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar we döw­re­bap en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len tä­ze bi­na­lar­da ýer­leş­ýär. Bank­la­ryň tä­ze, hä­zir­ki za­man eda­ra­la­ry gu­rul­ýar we ma­li­ýe hem-de mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy pug­ta­lan­dy­ryl­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da ýur­du­my­zyň esa­sy baý­ram­çy­lyk­la­ry – mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­ly­gy hem-de ak mer­mer­li paý­tag­ty­myz Aş­ga­ba­dyň 140 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li iki sa­ny iri bank eda­ra­sy­nyň gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­me­gi hem mu­nuň aý­dyň ny­şa­ny­dyr. Paý­tag­ty­myz­da «Türk­men­ba­şy» döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň hem-de «Se­na­gat» paý­dar­lar tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň tä­ze bi­na­la­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. «Türk­men­ba­şy» döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky hem-de «Se­na­gat» paý­dar­lar tä­jir­çi­lik ban­ky hyz­mat­la­ryň möç­be­ri bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň esa­sy bank­la­ry­dyr. Dür­li ýaş­da­ky ra­ýat­lar üçin «Türk­men­ba­şy» döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň «Pen­si­ýa», «Ru­hu­be­lent ne­sil­ler», «Wa­tan ger­çek­le­ri», «Möh­let­li», «Ze­nan kal­by» hem-de «Se­na­gat» paý­dar­lar tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň «Tä­ze ma­nat – tä­ze dur­muş», «Ça­ga­la­ra ni­ýet­le­nen mak­sat­ly go­ýum», «Ene-ata­lar ha­kyn­da ala­da», «Hal­kyň sag­ly­gy – Wa­tan baý­ly­gy», «Ça­ga­lar – bi­ziň gel­je­gi­miz», «Bäh­bit­li» go­ýum­la­ry­nyň – nagt we nagt däl go­ýum­la­ry ýa­ly döw­re­bap hyz­mat­la­ry­nyň bar­dy­gy­ny bel­le­mek bo­lar.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň bank ul­gam­la­ry­na san­ly ul­ga­myň giň müm­kin­çi­lik­le­ri iş­jeň or­naş­dy­ryl­ýar. Hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy bank amal­la­ry­nyň kö­pü­si­ni düýp­li kä­mil­leş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­ret­di. Bank hyz­mat­la­ry­nyň do­ly top­lu­my­ny öz içi­ne al­ýan in­ter­net-bank ul­ga­my­nyň gi­ri­zil­me­gi müş­de­ri­le­re öz se­riş­de­le­ri­ni uzak ara­lyk­dan do­lan­dyr­ma­ga, dür­li tö­leg amal­la­ry­ny we beý­le­ki­le­ri ama­la aşyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. On­laýn gör­nüş­de karz­la­ry res­mi­leş­dir­mek, özü­ňi­ziň bank ha­sap­la­ry­ňyz­dan mag­lu­mat­la­ry elekt­ron gör­nü­şin­de al­mak, elekt­ron tab­şy­ry­gy­ny taý­ýar­lap, in­ter­net ar­ka­ly tö­leg ge­çi­rim­le­ri­ni ama­la aşyr­mak müm­kin­çi­li­gi bar­dyr. Şo­nuň ýa­ly-da, on­laýn gör­nü­şin­de tä­ze bank kart­la­ry­ny aç­mak, bu amal üçin ze­rur res­mi­na­ma­la­ry elekt­ron gör­nü­şin­de ug­rat­mak, hyz­mat­lar üçin tö­le­gi «Al­tyn asyr» bank kar­ty ar­ka­ly ama­la aşyr­mak müm­kin­dir.
Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 30, paý­tag­ty­myz Aş­ga­ba­dyň esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň 140 ýyl­lyk ta­ry­hy toý­la­ry toý­la­nyl­ýan «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da hormatly Prezidentimiziň bir gün­de ýur­du­my­zyň iki sa­ny ban­ky­nyň tä­ze, döw­re­bap bi­na­la­ry­ny açyp ulan­ma­ga ber­me­gi ýur­du­my­zyň ila­ty­nyň bank hyz­mat­la­ryn­dan el­ýe­ter­li peý­da­lan­ma­gy, şeý­le hem ýur­du­my­zyň ma­li­ýe dü­züm­le­ri­niň işi­niň has-da kä­mil­leş­di­ril­me­gi hem-de döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy ba­bat­da mö­hüm ädim bol­dy.
Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň hu­su­sy bö­le­gi­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Döw­le­te da­hyl­syz bö­le­giň bank eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan ma­li­ýe­leş­di­ril­me­gi hu­su­sy kär­ha­na­la­ryň sa­ny­nyň ep-es­li art­ma­gy, tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­dy.
Ýur­du­my­zyň ma­li­ýe-bank ul­ga­my­nyň gül­läp ös­me­gi üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, ba­şy dik, il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri ro­waç bol­sun!

Aba ÇA­RY­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.