Dünýä syýahatçylygynda tebigatda gezelenç etmek meşhur ugurlaryň biridir. Tebigat adamzada maddy baýlyk bilen birlikde ruhy baýlyk hem berýär. Ekosyýahatçylygyň bir ugry bolan tebigata gezelenç etmek şol ýurduň ilaty, medeniýeti, ruhy dünýäsi bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam edýär. Jahankeşdeleri özüne çekýän täsinlikler türkmen topragynda diýseň kändir. Dag ýerinde dagy, deňiz ýerinde deňzi, ümmülmez Garagum sährasy ýaly giň çöli bolan diýarymyzda tebigaty söýüjiler üçin gyzykly gezelençleri gurnamaga zerur şertler döredilendir. Hatda, biziň ümmülmez Garagum çölümiz hem tomus wagtlary dünýäniň iň yssy künjekleriniň biri hasaplansa-da, bahar, güýz, gyş mahalyndaky täsin gözelligi, başga hiç bir ýerde duşmaýan ösümlik hem haýwanat dünýäsi bilen görenleri haýrana goýýar. Meşhur watançy şahyrymyz Seýitnazar Seýdiniň:
Pasly baharlarda seýrana çyksak,
Tükenmez ýollaryň bardyr sen çölüň.
Üstüňde ýaýnaýyp, myrada ýetsek,
Lälezar gülleriň bardyr sen çölüň”
– diýip, waspyny ýetiren Garagum tebigatynyň özboluşlylygy, deňiz tolkunyny ýatladýan ürgün çägeligi, gurak şertde ýaşamaga uýgunlaşan sazak tokaýlyklary, biodürlilige baý bolan haýwanat dünýäsi bilen Ýer şarynyň ýene bir baý tebigatly ýeriniň bardygyny dünýä äşgär edýär.
Golaýda hormatly Prezidentimiz gözel paýtagtymyza iş saparyny amala aşyrmak bilen, şäheriň demirgazygynda Garagum çölüniň künjekleriniň birine baranda, suw, toprak, howa barlaglaryny geçirýän göçme barlaghananyň işi bilen tanyşdy. Şonda mähriban Arkadagymyz türkmen topragynyň her bir künjeginiň özüne mynasyp garalmagyna mynasypdygyny nygtamak bilen, Garaguma täze durmuşyň geljekdigini, bu ýerde zähmetsöýer halkymyzyň tagallasy bilen täze obalaryň, bagy-bossanlyklaryň peýda boljakdygyny aýtdy. Diýmek, golaý ýyllarda Garaguma täzeden gülleýiş garaşýandyr.
Ýurdumyzda tebigy ýadygärlikleriň 200-den gowragy ýerleşýär. Şolaryň aglabasy Garagumyň jümmüşindäki Ýeriň geologik taryhyny ýatladýan haýwanlaryň daşa öwrülen yzlary, ýeliň emele getiren şekilleri, läbik wulkanlar, Amyderýanyň köne hanasy, Sarygamyş köli, Aýböwürüň gyrlary ýaly tebigy ýadygärlikler başga künjeklerde duşmaýanlygy bilen täsindir. Gür ilatly we antropogen täsirlerden daşda bolan Garagum çölümiziň tebigatynyň her bir künjegi gyzyklydyr. Äpet gum giňişliginiň tebigatyň ýowuz şertlerine uýgunlaşan ösümlik we haýwanat dünýäsi alymlar üçinem, syýahatçylar üçinem diýseň täsirlidir.
Ýurdumyzyň demirgazygyndaky polegen döwrüniň jynslaryna degişli bolan Bötendagyň gyry we şol ýerde ýerleşýän orta asyrlarda ýaşan, yslamyň güýçli piri hasaplanýan Ybraýym Edhemiň aramgähi zyýaratçylaryň, taryhçylaryň iň bir gyzykly syýahata gelinýän ýeridir. Halk arasynda aýdym-sazyň piri hasaplanýan Aşyk Aýdyň Piriň aram tapan ýeri hem bu ýerden uzakda däl. Watanymyzyň ajaýyp tebigatyna, şöhratly taryhyna, beýik şahsyýetlerine buýsanýan halkymyz ýylyň ähli paslynda, aýratynam tomus aýlary bu taryhy ýerlere gyzykly gezelençleri guraýarlar. Ýene-de çölüň içinde Beýik Ýüpek ýolunyň yz galdyran taryhy ýerlerini, ýüzýyllyklardan galan köne galalary görmek bolýar.
Sebitimiziň ekologik ýagdaýyna oňaýly täsir etjek Garagum çölünde döredilen “Altyn asyr” türkmen köli we oňa gelýän zeý akabalarynyň gurulmagy çöl tebigatynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrdy. Aýratyn hem Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna giren seýrek duş gelýän haýwanlaryň san taýdan köpelmegi tebigaty öwrenijileriň ünsüni özüne çekýär. Häzirki wagtda zeý akabalarynyň ugrunda ýerleşen Ýerajy, Rahmanköl, Uzyn şor, Zeňňi baba, Atabaý köl ýaly kölleriň kenarlaram täsin gözelliklere eýe boldy. Munuň özi emele gelen amatly şertler bilen baglydyr. Köle ýakyn ýerleşýän “Gumlylaryň kurorty” diýilýän mineral bejeriş suwly Kürtüş baba köli köpleriň ünsüni çekýär. Alymlar Kürtüş baba kölüniň mineral serişdeleriniň kesel bejeriş ähmiýetini Mollagara köli bilen deňeşdirýärler hem-de bu ýerde täze şypahana döretmegiň şertleriniň bardygyny aýdýarlar. Ýerli halk bu kölden özleri üçinem, mallary üçinem şypa tapýarlar.
Syýahatçylar üçin çöl şertlerinde ýaşaýan ýerli ilatyň durmuşy, medeniýeti, milli tagamlary, däp-dessurlary hem diýseň gyzyklydyr. Ýerli ilat esasan hem düýedarçylyk we dowardarçylyk bilen hojalygyny dolandyrýarlar. Arwana düýeler ir säherden özleri otlap, agşamlygyna özleri ýataklaryna dolanýarlar. Bu täsinlikleri ilkinji gezek gören adamlar: “Edil öwredilip goýlan ýaly, nähili akylly mallar” diýip haýran galýarlar. Gum içinde ýaşaýan ilat beýleki ýerlerde ýitip giden milli tagamlary hem ussatlyk bilen taýýarlaýarlar. Olaryň ak öýlerinde oturyp, duz-tagam iýmegiň hem lezzeti bar. Gum içine gezelenje baranyňda ilkinji gezek görjek geň-enaýy täsinlikleriň bardyr. Yssy, gurak şertlidigine garamazdan, ýerli halkyň myhman garşylamakda baý medeni däp-dessurlary bar. Türkmen tagamlaryndan gowurdak, işlekli, çaý çorbasy, düýe çaly we agarany bilen meşhurdyr. Bularyň ählisi türkmen medeniýetiniň gadymylygyny görkezýär.
Ogulbagt Orazdurdyýewa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.