Bütindünýä Söwda Guramasy (BSG) 2021-nji ýylda global söwdanyň ösüşi baradaky çaklamasyny 8%-e çenli artdyrdy, geçen ýylyň oktýabr aýynda bolsa 7,2% ösmegine garaşylýardy. Geçen ýylyň ikinji ýarymynda haryt söwdasynyň garaşylýandan has çalt ösmegi bilen dünýä söwdasynyň çalt dikeldilmegine bolan garaýyş has-da gowulandy. BSG-niň täze hasaplamalaryna görä, global haryt söwdasy 2020-nji ýylda 5,3% peselenden soň, 2021-nji ýylda 8% öser we geçen ýylyň ikinji çärýeginde pandemiýa sebäpli emele gelen ykdysady çökgünlikden soň dikelmegini dowam etdirer.
– Geçen ýylyň ortalaryndan bäri global söwdadaky öňegidişligiň dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň täsirini azaltmaga çynlakaý ýardam berendigi bellärliklidir. Bu çökgünlikden soň ykdysadyýeti dikeltmek üçin halkara bazarlarynyň açyk saklanmagy möhümdir, sanjymlaryň çalt, global gerimde girizilmegi yzygiderli dikeldiş çäreleri üçin zerur şert bolup durýar – diýip, BSG-niň baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala aýtdy.
«2020-nji ýylyň dowamynda söwda dolanyşygy 5,3% azaldy. Bu BSG-niň 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda mälim eden ozalky çaklamasynda göz öňünde tutulan 9,2%-den azdyr. Ýylyň ahyrynda garaşylýanyndan has köp sanlar, esasan, noýabr aýynda mälim edilen täze sanjym çäreleri bilen baglanyşykly bolup biler. Bu bolsa, işewürleriň we sarp edijileriň ynamyny ýokarlandyrmaga ýardam berdi» diýlip, Bütindünýä Söwda Guramasynyň beýanatynda mälim edilýär.
Geçen ýylyň ikinji ýarymynda söwda we önümçiligiň ösüşiniň artmagyna hökümetiň möhüm syýasy çäreleriniň, şol sanda ABŞ-nyň ykdysadyýetini ilerletmek maksady bilen amala aşyrylan çäreler toplumynyň sebäp bolandygy bellenilýär.