Mi­­ra­sa sar­pa goý­mak, Wa­ta­ny öz­gert­mek ýy­lyn­da mil­li me­de­ni, ede­bi we ta­ry­hy mi­ra­sy­my­zy yl­my taý­dan çuň­ňur öw­ren­mä­ge, hal­ky­my­za ýe­tir­mä­ge ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­den hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz: “Biz öz me­de­ni­ýe­ti­mi­zi we sun­ga­ty­my­zy ös­dür­mä­ge go­şant go­şan adam­la­ry­my­za gu­wan­ma­ga hak­ly­dy­rys” di­ýip, hal­ky­my­zyň ru­hy dün­ýä­si­ni baý­laş­dyr­mak­da uly iş­le­ri alyp ba­ran dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­ne bo­lan buý­san­jy­ny be­ýan ed­ýär.
Ge­çen asy­ryň 60-80-nji ýyl­la­ry­nyň türk­men ede­bi­ýa­tyn­da hal­kyň ge­çen ta­ry­hy ýo­lun­da­ky mö­hüm wa­ka­la­ra, uly şahs­la­ryň dur­muş ýol­la­ry­na ba­gyş­la­nyp dö­re­di­len eser­le­riň için­de Hy­dyr Der­ýa­ýe­wiň “Yk­bal” ro­ma­ny hem aý­ra­tyn or­ny eýe­le­ýär. Her bir ýa­zy­jy­nyň halk için­de esa­sy bir ese­ri bi­len ta­ny­mal­ly­ga eýe bol­şy ýa­ly, H.Der­ýa­ýew hem, öňi bi­len “Yk­bal” ro­ma­ny bi­len uly meş­hur­ly­ga eýe bol­ýar.
Türk­me­nis­ta­nyň halk ýa­zy­jy­sy H.Der­ýa­ýew 1905-nji ýyl­da Ma­ry et­ra­by­nyň Eg­ri­gü­zer oba­syn­da ene­den bol­ýar. Onuň ça­ga­ly­gy kyn­çy­lyk­ly ýyl­la­ra ga­bat gel­ýär. Gel­jek­ki ýa­zy­jy il­ki oba mol­la­sy­nyň elin­de, soň­ra 1920-nji ýyl­da Ma­ry şä­he­rin­de açy­lan in­ter­nat­da bi­lim al­ýar. Soň­ra ol Daş­kent­dä­ki Ma­ga­ryf ins­ti­tu­tyn­da, Or­ta Azi­ýa döw­let ins­ti­tu­tyn­da oka­ýar. Oku­wy­ny üs­tün­lik­li ta­mam­lap ge­len­den soň, ol Aş­ga­bat­da­ky Mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tut­da ta­lyp­la­ra türk­men di­lin­den sa­pak be­rip baş­la­ýar. Şol ýyl­lar­da ol türk­men di­li­niň sin­tak­si­si bo­ýun­ça okuw ki­ta­by­ny ýaz­ýar. 1934-nji ýyl­da ol ýe­di­ýyl­lyk mek­dep­ler üçin “Türk­men di­li­niň gram­ma­ti­ka­sy”, “Ýew­ro­pa­ly­lar üçin türk­men di­li” at­ly yl­my iş­le­ri­ni çap et­dir­ýär. 1936-njy ýyl­da onuň “Türk­men di­li­niň sin­tak­si­si­niň we punk­tua­si­ýa­sy­nyň esa­sy me­se­le­le­ri” at­ly göw­rüm­li yl­my işi ne­şir edil­ýär.
Yl­ma bo­lan hö­we­si H.Der­ýa­ýe­wi Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­na alyp gel­ýär. Şeý­le­lik­de, ol hä­zir­ki Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Dil we ede­bi­ýat ins­ti­tu­tyn­da yl­my iş­gär we­zi­pe­sin­de iş­le­ýär. Türk­men di­li­niň ta­ry­hy­na de­giş­li bir­nä­çe yl­my ma­ka­la­lar ýa­zyp, türk­men yl­my­nyň öňe git­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Ola­ryň ara­syn­da “Gel­jek za­man iş­li­gi­niň kä­bir me­se­le­le­ri”, “Türk­men di­li­niň ta­ry­hy­nyň me­se­le­le­ri”, “Mag­tym­gu­ly­nyň eser­le­ri­niň göz­le­gin­de” ýa­ly gy­zyk­ly me­se­le­le­ri or­ta at­ýan ma­ka­la­lar bar. Bu giň göw­rüm­li ma­ka­la­lar ylym äle­min­de gyz­gyn gol­da­wa eýe bo­lup, ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de giň­den öw­re­ni­lip baş­lan­ýar. 1933-nji ýyl­da H.Der­ýa­ýew bel­li alym H.Baý­ly­ýew bi­len bi­le­lik­de türk­men di­li­niň okuw ki­ta­by­ny ýaz­ýar. Türk­men dil bi­li­mi­ne, ede­bi­ýa­ty­na go­şan go­şant­la­ry­ny na­zar­da tu­tup, Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy H.Der­ýa­ýe­wi ha­bar­çy-ag­za­ly­ga saý­la­ýar. Öz ene di­lin­den baş­ga rus, arap dil­le­ri­ni su­wa­ra bi­len ýa­zy­jy bir­nä­çe ýyl Daş­kent­de ýa­şap, yl­my iş­ler bi­len meş­gul bol­ýar. Şol dö­wür­de ol öz­bek ýa­zy­jy­la­ry­nyň bir­nä­çe eser­le­ri­ni türk­men di­li­ne ter­ji­me ed­ýär. Bu bol­sa onuň dö­re­di­ji­lik dün­ýä­si­ne mü­di­mi ara­laş­ma­gy­na ge­tir­ýär.
H.Der­ýa­ýew dö­re­di­ji­lik işi­ne 1928-nji ýyl­da baş­la­ýar. Şol ýyl “Türk­me­nis­tan” ga­ze­tin­de onuň “Amy­der­ýa” poe­ma­sy çap edil­ýär. Oky­jy­la­ryň poe­ma­ny gyz­gyn ka­bul et­me­gi H.Der­ýa­ýe­wiň çe­per dö­re­di­ji­lik işi bi­len çyn­la­kaý meş­gul bol­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Şeý­le­lik­de, ol türk­men ede­bi­ýa­ty­ny tä­ze kys­sa, dra­ma, poe­zi­ýa eser­le­ri bi­len baý­laş­dyr­mak üçin ba­sa­lyk­ly otu­ryp iş­le­ýär. Ro­man žan­ry­nyň giň ýaý­raw­ly­ly­gy bi­len ýa­zy­jy­nyň göz öňün­de tut­ýan me­se­le­le­ri­ni be­ýan et­me­gi üçin has ýa­kyn bo­la­ny se­bäp­li, ol bu ug­ra köp zäh­me­ti­ni sarp ed­ýär. Ýo­kar­da hem bel­läp ge­çi­şi­miz ýa­ly, H.Der­ýa­ýe­we uly ab­raý ge­ti­ren eser­le­ri­niň naý­ba­şy­sy “Yk­bal” ro­ma­ny­dyr. Bu uly göw­rüm­li eser “Gan­ly pen­je­den” ady bi­len 1937-nji ýy­lyň okt­ýab­ryn­da çap bo­lup çyk­ýar. Aw­tor soň “Gan­ly pen­je­den” at­ly ro­ma­ny­ny tä­ze­den iş­läp, 1960-njy ýyl­da “Yk­bal” ady bi­len ne­şir et­dir­ýär.
“Yk­bal” ro­ma­ny bi­len halk için­de uly meş­hur­lyk ga­za­nan aw­to­ryň 1962-nji ýyl­da ro­ma­ny­nyň ikin­ji ki­ta­by, 1966-njy ýyl­da üçün­ji ki­ta­by, 1971-nji ýyl­da bol­sa ro­ma­nyň ahyr­ky — dör­dün­ji ki­ta­by çap bo­lup çyk­ýar. Onuň eser­le­ri oky­jy­lar ta­ra­pyn­dan gyz­gyn gar­şy­lan­ýar. Bu ro­man 1963-1972-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da rus di­lin­de, soň­ra dün­ýä ýurt­la­ry­nyň en­çe­me­si­niň dil­le­rin­de çap edil­ýär.
Ro­ma­nyň her bir ki­ta­by el­den-ele ge­çip, uly hö­wes bi­len okal­ýar. 1971-nji ýyl­da ýa­zy­jy­nyň ýe­ne bir ese­ri – “Ha­ra­sat” ro­ma­ny oky­jy­la­ra go­wuş­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň halk ýa­zy­jy­sy H.Der­ýa­ýew dra­ma žan­ryn­da hem uly göw­rüm­li eser­le­ri dö­re­dip, halk köp­çü­li­gi­niň uly hor­ma­ty­na my­na­syp bol­ýar. Onuň “Mäh­ri”, “Ho­ja­ne­pes” at­ly bel­li dra­ma eser­le­ri Mol­la­ne­pes adyn­da­ky aka­de­mi­ki dra­ma te­at­ry­nyň sah­na­sy­ny be­ze­ýär. Çe­per kys­sa eser­le­ri­niň us­sa­dy H.Der­ýa­ýe­wiň ede­bi mi­ra­sy ata-ba­ba­la­ry­my­zyň geç­miş dur­mu­şy­na ser sal­mak­da aý­dyň çeş­me­dir.
Häzirki wagtda Ma­ry­nyň mu­gal­lym­çy­lyk mek­de­bi, gö­zel paý­tag­ty­my­zyň gür bag­ly kö­çe­le­ri­niň bi­ri H.Der­ýa­ýe­wiň ady­ny gö­ter­ýär.

Eje­gül BÄ­ŞI­MO­WA,
Türk­men döw­let ma­li­ýe
ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.