Düzüminde beloklaryň köpdügi sebäpli kömelekler iň ýokumly iýmitleriň biri hasaplanylýar. Şeýle bolansoň bu iýmit wegetarianlar üçin hem gymmatlydyr. Tebigy ýagdaýda bitýän hem-de medeni usulda ösdürilip ýetişdirilýän kömelekden dürli tagamlar taýýarlanylýar. Bu makalamyzda kömelekden taýýarlap boljak käbir tagamlaryň bişirilişi baradaky maglumatlary size ýetirýäris:
Süýtli kömelek çorbasy
Kömelek bilen süýdüň birleşmegi netijesinde örän süýji tagam emele gelýär. Bu çorbany taýýarlamak üçin ilki bilen diri kömelegi, dörtburç kesilen sogany, pomidory mazaly gowrup, az mukdarda suwda gaýnadyň! Suwuny biraz çekeninden soň üstüne bir bulgur süýt guýup, 45 minutlap ýarym otda gaýnadyň! Bu tagam, esasan hem, çagalaryň ýadynyň gowulanmagynda, beýnisiniň kämilleşmeginde ähmiýetli bolan B witaminini düzüminde saklaýar. Uly ýaşdakylar üçin bu çorbanyň peýdaly tarapy barada aýdanymyzda bolsa, ýürek keselleriniň öňüni almaga, şeýle hem ýadawlygy aýyrmaga ýardam berýär.
Bişirilen peýnirli kömelek
Kömelegi gaýnadyp, buglap ýa-da ýagda gyzardyp bişirip bolýar. Şeýle hem bu iýmit howurpeçde taýýarlanýan tagamlara hem goşulýar. Az mukdarda ysly otlar bilen taýýarlap boljak bu nahary hem synap görüň! Tiz wagtda taýýarlanýan bu nahary bişirmek üçin diri kömelekleri kesmän mazaly ýuwup, ilki aýratyn bir gapda islegiňize görä duzlap gara we gyzyl burça ýatyrmaly. Duzy alşandan soňra onuň üstüni peýnir bilen örtüp, 180 dereje gyzgynlykda ýarym sagat goýmaly. Taýýar bolan tagamyňyza islegiňize görä bezäp, saçagyňyza alyp bilersiňiz.
Ýeralmaly kömelek
Başga nahar taýýarlamaga wagtyňyz çäkli bolsa, ýeralma bilen kömelegi buglama görnüşinde taýýarlap bilersiňiz. Bu nahary taýýarlamak üçin ýeralma we kömelek ýeterlikdir. Şeýle-de bolsa isleseňiz dürli şekilleri ýasap ýa-da islegiňize görä möwsümleýin gök önümleri dilimläp goşup bilersiňiz.
Işdäaçar
Kömelek diňe nahara goşulman, olar işdäaçarlary taýýarlamakda hem ulanylýar. Munuň üçin 10-12 sany gelin kömelek, bir gyzyl, bir ýaşyl bolgar burç, iki sany duzlanan hyýar, gök ot, bir nahar çemçesi sirke, bir çaý çemçesi zeýtun ýagy, bir sogan, islege görä duz gerek.
Taýýarlanyşy: Mazaly ýuwlan kömelekleri suwda 10-15 minut gaýnadyň! Gaýnadylan kömelekleri süzüň we inçejik dilimläň! Ýaşyl we gyzyl burçlary dörtburç görnüşde bölekläp az-azdan gowuryň, isleseňiz, olaryň gabygyny aýryp hem bişirip bilersiňiz. Sogany, duzlanan hyýarlary, oty inçejik edip kesiň! Gowrulan burçlar sowansoň, ownuk kesilen hyýarlary, sogany, oty, şeýle hem dilimlenen kömelekleri bir tabaga salyp, zeýtun ýagyny, duzy sepip mazaly garyň! Bäş-on minut demini alan işdäaçaryňyzy datly desterhanyňyza alyp bilersiňiz. Saçaklaryňyz hemişe bereketden doly bolsun!
Aýgül Açylowa,
Seýitnazar Seýdi adyndaky
TDMI-niň talyby.