Birnäçe ýyldan bäri gibrid we dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň birnäçesini öndürýän “Toyota” kompaniýasy 19-njy aprelde global bazara niýetlenen ilkinji ulagyny tanyşdyrar. Dünýäniň iň köp ulag öndürýän brendi bolan “Toyota” gibrid we elektrik energiýasy bilen işleýän ulag öndürmekde hem öňdäki orunlary eýeleýär. kompaniýa mundan ozal diňe hytaý bazaryna niýetlenen “C-HR” atly elektrik krossowerini satuwa çykarypdy. Şanhaý halkara awtoulag sergisiniň çäklerinde täze tanyşdyryljak ulag bolsa, düýäniň ähli ýurdy üçin elýeterli bolar. “Toyota” 21-28-nji aprel aralygynda geçiriljek Şanhaý sergisinde görkeziljek ulagyň adyny mälim etmedi. Ulagyň LED çyralary, öň tarapynda sowadyjy deşikleriň bolmajakdygy, logosynyň gök reňkli boljakdygy bellenilýär. Işlenip taýýarlana ulagyň köpçülikleýin önümçiliginiň gysga wagtda ýola goýulmagyna garaşylýar.