Ýa­po­ni­ýa­ly gar­ry ze­nan 65 ýyl­lap bir ýer­de iş­le­di. Onuň komp­ýu­ter­den go­wy ba­şy çyk­ýar we jem­gy­ýet­çi­lik tor­la­ryn­a girýär. Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­nyň web sa­hy­pa­syn­da, in­di onuň dün­ýä­niň iň gar­ry ofis do­lan­dy­ry­jy­sy­dy­gy ba­ra­da şa­ha­dat­na­ma­synyň bar­dy­gy bel­le­nil­ýär. Ýa­su­ko Ta­ma­ki 1930-njy ýy­lyň 15-nji ma­ýyn­da dün­ýä in­di. Ol 1956-njy ýyl­dan bä­ri “Su­no In­dust­ri­es” söw­da kom­pa­ni­ýa­syn­da iş­le­ýär. Gar­ry iş­gär komp­ýu­ter prog­ram­ma­la­ry bi­len go­wy ta­nyş. Onuň jo­gap­kär­çi­li­gi­ne kom­pa­ni­ýa­nyň iş­gär­le­ri­niň aý­lyk hak­la­ry­ny we bo­nus­la­ry­ny ha­sap­la­mak gir­ýär. Şeý­le hem ol sal­gyt ha­sa­bat­la­ry­ny ýö­red­ýär. Re­kordyň eýe­si he­mi­şe­kisi ýa­ly iş­le­ýär: hep­de­de bäş gün, gün­de ýe­di ýa­rym sa­gat. Ol Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zi­len­di­gi ba­ra­da­ky şa­ha­dat­na­ma­nyň gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­syn­da özü­niň pen­si­ýa çyk­ma­ga how­luk­ma­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.