Meşhur “Adidas” brendi krossowka öndürmek üçin dürli materiallar bilen synaglaryny dowam etdirýär. Daşky gurşawa zyýanly materiallary ulanmakdan ýüz öwürmegi maksat edinýän kompaniýa adaty bolmadyk materialdan taýýarlanan aýakgap öndürdi. “Bolt Threads” biotehnologiýa kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda döredilen material “Mylo” diýlip atlandyryldy. “Stan Smith Mylo” atly aýakgap kömelekden taýýarlanan ilkinji krossowka bolar. Materialyň daşky görnüşi derä meňzeş bolup, islendik reňke we forma eýe bolup bilýär. Täze materialy döretmek üçin kömelekler Niderlandlaryň çäginde ösdürilip ýetişdiriler. Ösdürme prosesinde emele gelýän köpükli material ösen tehnologiýalaryň kömegi bilen ýygnalar we gaýtadan işlener. Ekologiýa taýdan arassa aýakgap 2021-nji ýylda satuwa çykarylar.