Köp ýyllardan bäri belli bolan “Polaroid” kompaniýasy dünýäniň iň kiçi fotoenjamyny tanyşdyrdy. “Go” atly kiçijik enjamyň ölçegi bary-ýogy 105 x 83,9 x 61,5 mm. Fotoenjam aşa kiçi bolansoň, ýene bir önümiň peýda bolmagyna getirdi. 1990-njy ýyllarda suraty düşürilen wagty kagyza çap edip berýän fotoapparat ýasamagy bilen meşhurlyk gazanan “Polaroid”-iň bu önümine isleg soňky ýyllarda ýene artyp başlady. kompaniýa geçen ýyl “Polaroid Now” atly fotoenjamy çykarypdy. Adatdakysy ýaly ak reňk bilen bezelen enjamyň ululygy 94 x 112,2 x 150,2 millimetre barabar. Görnüşi ýaly täze model geçen ýylkydan hem kiçiräk. Emma täze enjam kiçi bolansoň, oňa has kiçi plýonka almaly bolar. sebäbi geçen ýylky enjama niýetlenen plýonkalar “Go” üçin biraz ulurak. Şol sebäpli kompaniýa 47 x 46 millimetr ölçeginde täze plýonka öndürdi. Bu enjam arkaly düşürilen suraty çykarmak 10-15 minut wagt alýar. Ýanyňda götermek aňsat hem bolsa, onuň çykarýan suratlary gaty kiçi. Fotoenjamda 34 millimetrlik linza bar. Bu linza f/12 we f/52 diagram açyklygy we 1/125-30 sekunt aralygynda açylyp ýapylýar. Şeýle hem enjamda selfi surat üçin aýna hem göz öňünde tutulypdyr. 100 dollardan satuwa hödürlenjek enjam üçin internet saýty arkaly sargyt kabul edilip başlandy.

Aýnur Akyýewa,

Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.