“Samsung” kompaniýasy möwriti geçen smartfonlary başga maksatlar üçin ulanmaga mümkinçilik berýän programmany ýola goýdy. Köplenç elektron enjamlar we telefonlar täze alnandan soňra çekmede ýa-da göze ilmeýän ýere taşlanýar. Koreý kompaniýasy bu smartfonlary ulanmak üçin “Galaxy Upcycling” programmasyny giňeltmek kararyna geldi. Onuň çäginde, “Galaxy” seriýaly smartfonlary akylly öý enjamlary hökmünde ulanyp bolar. Munuň üçin degişli programma üpjünçiligini täzelemeli. Bu bolsa elektron galyndylaryň azalmagyna goşant goşar. Häzirki wagtda “Samsung” “Home” hyzmatynda “Galaxy Upcycling”-iň beta nusgasyny çykardy. Bu programma çaga aglanda, it üýrende ýa-da gapy kakylanda köne smartfony esasy smartfona ýa-da beýleki enjamlara habar iberýän ses sensoryna öwürmäge mümkinçilik berýär. Köne enjamy ýagtylyk sensory hökmünde hem ulanmak mümkin. Programma 2019-njy ýylda çykan, “Android 9” amaly ulgamy ýa-da ondan soňky nusgadaky “Galaxy S”, “Note” we “Z” smartfonlaryna degişlidir.